Ï Dürli ulgamlaryň işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dürli ulgamlaryň işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

view-icon 1005
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşant goşan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, olaryň düzümindäki guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň we hökümet agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen Ýaşulular maslahatynyň delegatlarynyň gatnaşmagynda birbada on iki meýdançada geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda öz işine berlen, zähmetde ýokary netijeleri gazanýan, köp ýyllaryň dowamynda halal we yhlasly zähmet çeken watandaşlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy. Munuň özi öz bilimini we tejribesini Watanyna hyzmat etmäge bagyşlap, ýaş kärdeşlerine mynasyp görelde bolýan işgärleriň ýurdumyzda aýratyn hormat bilen gurşalýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Durmuş ulgamyna we işe bolan şunuň ýaly gatnaşyklar arkaly biz ynamly öňe gidip bileris, ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçireris, Watanymyzyň abraýyny artdyrarys we halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.


Her ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu dabaraly çäre ähli raýatlaryň döredijilikli işi, göwnejaý durmuşy we dynç alşy üçin has amatly şertleriň döredilmegine, olaryň başlangyçlarynyň we işe jogapkärli çemeleşmeginiň, hünärine ussatlygynyň goldanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Şu günler ýurdumyz döwlet gurluşynda, diplomatiýada, ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde, bilimde, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ilatyň saglygyny goramakda, sporty ösdürmekde bitiren hyzmatlary, hünär, döredijilik ussatlyklary, jemgyýetçilik üstünlikleri üçin birnäçe zähmetkeşleri döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabaralaryň barşynda Watanyň ýokary sylagyna mynasyp bolan zähmetkeşlere mähirli gutlaglar aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli sylaglara mynasyp bolanlara bagt, abadançylyk, saýlap alan kärinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Umumy tagallalar arkaly ägirt uly işleriň bitirilendigine garamazdan, öňde has netijeli maksatlar bar. Olary döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatynda eden taryhy çykyşynda anyk kesgitledi. Munuň özi öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda ýokary depginli we netijeli işleri dowam etmelidigini aňladýar.

Dabara gatnaşyjylar öz gezeginde işine berlen ýokary baha, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny aýtmak bilen, dabaraly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we milletiň agzybirliginiň, bitewüliginiň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen oňyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.