Ï 16-njy sentýabrda Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

16-njy sentýabrda Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni bellenildi

view-icon 2668
Sentýabryň başynda paýtagtymyzda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli çärelere badalga berildi. Türkmenistanyň daş-töweregi goramak we ýer serişdeleri boýunça Döwlet komitetiniň ýanyndaky Ozon merkeziniň hünärmenleriniň orta mekdeplerde, hünärment mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde we senagat kärhanalarynda geçiren raýatlary habarly etmek babatda amala aşyran çäreleri olaryň ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça dünýäde alnyp barylýan işler baradaky düşünjelerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagta çenli BMG-nyň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyna ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasy iň şowly halkara ylalaşyklarynyň biri boldy, ony dünýä ýurtlarynyň 197-si, şol sanda Türkmenistan hem tassyklady. Biziň ýurdumyz konwensiýa, teswirnama we oňa girizilen düzedişleriň ählisine gol çekip, öz borçlaryny doly amal edýär. 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary (GHFU) ulanyşdan kem-kemden aýyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ol ozony dargadyjy maddalary bes etmegi, 2020-nji ýyldan soň diňe resirkulirlenýän we dikeldilen şeýle maddalary ulanmak, 2040-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olary ulanmagy doly bes etmek maksat edinilýär. Soňky bäş ýylda ýurdumyzda ozony dargadyjy maddalary ulanmak ep-esli derejede azaldyldy. Şeýle maddalar gözegçilikde saklanýan möçberlerde ozalkysy ýaly s sowadyjy enagat enjamlarynda, howany çalşyryş ulgamlarynda we başgalarda hladagent hökmünde ulanylýar. Ýurdumyzda ulanylýan şeýle maddalar halkara ylalaşyklary tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Ýurdumyzda ekologiýa kanunçylygy kämilleşdirilýär. Ozon gatlagyny goramagyň hukuk esaslaryny mundan beýlägem kämilleşdirmek, görkezilen kanunyň kadalaryny ozon gatlagyny goramak babatda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçen ýyl 2009-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň „Ozon gatlagyny goramak hakyndaky“ Kanunyna „Düzedişler we goşmaçalr girizmek hakynda“ Kanun kabul edildi, bu bolsa olary halkara şertnamalarynyň kadalaryna laýyk getirmek bilen baglanşyklydyr.

Halkara bilermenleri Monreal teswirnamasynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmäge saldamly goşant goşanlygyny belleýärler—howa uglerodyň iki okisiniň 135 milliard tonnasynyň goýberilmeginiň öňi alyndy. Şu resminamanyň çäklerinde dünýä ýurtlary ozony dargadyjy maddalary we olara derek ulanylýan maddalary— güýçli bug gazlary bolan hlorftoruglerodlary (HFU) we gallonlary ulanmagy tapgyrlaýyn bes edýärler, olaryň ulanylmagynyň maksada laýyklygy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglanşyklylykda häzirki wagtda gidroftoruglerodlary (GFU) mundan beýläk ulanmagy düzgünleşdirmek babatda teswirnama düzedişler girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. 2016-njy ýylyň oktýabrynda Kigali şäherinde (Ruanda) geçiriljek Monreal teswirnamasyna gatnaşyjylaryň ýigrimi ýedinji maslahaty şu meselä bagyşlanar.Ýeriň ozon gatlagynyň ýukalmagy netijesinde ultramelewşe şöhleleriň köpelmegi howanyň hiliniň peselmegine, adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukybynyň gowşamagyna, ösümlikleriň ösüşiniň peselmegine, suwdaky organizmelere ýaramaz täsir etmegine, howanyň turşulaşmasynyň artmagyna, käbir materiallaryň çüýremeginň we dargamagyna, howanyň üýtgemegine sebäp bolýar. 1994-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 16-njy sentýabry ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni diýip yglan etdi.

1987-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda ozon gatlagyny dargadýan maddalar babatda Monreal teswirnamasyna gol çekilipdi. 2016-njy ýylda ozon gatlagyny goramagyň Halkara gününiň mowzugy—„Ozon we howa: Dünýäniň ýardamy bilen duiklediler. Monreal teswirnamasynyň çäklerinde ähliumumy ýyllyga sebäp bolýan GFU-nyň howa goýberilmegini azaltmak“ diýlip atlandyrylýar.