Ï Ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etdiler

view-icon 772
Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günleri Mekgä hem-de Medinä haj parzyny berjaý etmäge giden türkmen zyýaratçylarynyň topary şu gün Watanymyza sag-aman dolanyp geldi.

Musulmanlar üçin mukaddes baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 188-si Saud Arabystany Patyşalygyna gidip, şol ýerde dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady.

Ildeşlerimiz Mina jülgesine baryp, Arafat dagyna çykdylar, Mekgedäki keramatly Zemzem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp, dessur bolşy ýaly, togap etdiler, mukaddes Käbäniň keramatly Gara daşynyň daşyndan aýlandylar. Medinede Muhammet pygamberiň aramgähine zyýarat etdiler.


Ildeşlerimiz dogduk Diýarymyza sag-aman dolanyp gelensoňlar, döwlet Baştutanymyza özlerine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, haj parzyny ýerine ýetirýärkäler, Gudraty Güýçli Allatagaladan milli Liderimiziň janynyň sag bolup, uzak ömür sürmegini, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda egsilmez gujur-gaýrat we üstünlik gazanmagyny, bir Alla sygynýan halkymyzyň Watana wepaly bolup, mähriban Arkadagymyzyň daşynda mäkäm jemlenip, ata Watanymyzyň şu güni we nurana geljegi üçin ýaşamagyny we gurmagyny dileg edendiklerini aýtdylar.

Zyýaratçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň kalby päkizelige ýugrulan, jemgyýetimiziň ruhy taýdan baýlaşmagyna, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýaş nesilde ýokary ahlak gymmatlyklarynyň kemala gelmegine ýardam berýän milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýändigini nygtadylar.

Mukaddes Käbä eden haj parzyňyz hem-de doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!