Ï Türkmen hünärmenleri we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň öňüni almagyň serişdeleri boýunça ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň öňüni almagyň serişdeleri boýunça ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 739
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň öňüni almagyň serişdeleriniň (DDÖAS) meseleleri boýunça Milli utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt edarasy bilen bilelikde guradylar.

Onuň işine gatnaşmak üçin BSGG bilermenler topary Aşgabada geldi. Olar Lars Blad, Onur Karatuna, Daniel Mýunýer ýaly BSGG Ýewropa edarasynyň konsultanlarydyr we BSGG ştab-kwartirasynyň işgärleridir. Olaryň gelmekleriniň maksady - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine DDÖAS boýunça Milli strategiýany we meýilnama çärelerini işläp taýýarlamakda, DDÖAS meseleleri boýunça Milli utgaşdyryjy toparynyň mejlisine gatnaşmakdan, şeýle hem mikroblara garşy serişdelerine mikroorganizmleriň duýgurlygyny barlaghana usullarynda öwrenmek meseleleri boýunça barlaghana hünärmenlerine öwrediş sapaklaryny geçirmekden ybarat bolup durýar

Mälim bolşy ýaly, bu günki gün antibiotiklere durnuklylyk uly wezipeleriň biri bolup durýar. Ol bedenleriň ýokanç kesellere bolan garşylygyna ýaramaz täsir etmek we dünýä lukmançylygynda entek gazanylmadyk netijelere eltmek bilen, dünýäniň ähli künjeklerinde howplulygyň ýokary derejelerine çenli ösýär. 2015-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynda mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň serişdelerine garşy göreşmek boýunça hereket etmegiň meýilnamasy tassyklandy. Özi hem jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak we meselelere düşünmek, hünärmenleri taýýarlamak birinji derejeli wezipe bolup durýar. Bu meseleleriň çözülmegine ýardam bermek bilen, BSGG BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy we Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goramak guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek bilen, antibiotikleriň ulanylmagyny deňagramlaşdyrmak boýunça bütindünýä işlerine ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň öňüni almak boýunça Milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe ugurlar boýunça işleri alyp barýar. Bu – bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ählisinde bir meňzeş mikroblara garşy durnuklylygy barlamakdan, barlag ulgamynda işgärleri taýýarlamakdan, ilatyň mikroblara garşy durnuklylygyň mikrob usulyny öwrenmekden, daşky gurşawyň desgalarynyň potogen mikroorganizimleriniň tohumlamakalaryny ýüze çykarmakdan, şeýle hem olaryň arassaçylyk ýagdaýyna gözegçilik etmekden ybaratdyr.

2014-nji ýylda düzümine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Baş dermanhana müdirliginiň, derman serişdelerini hasaba alyş we olaryň hiline döwlet tarapyndan gözegçilik edýän merkeziniň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birnäçe kafedralarynyň hünärmenleri girýän işçi topary döredildi. Bu topar antibiotiklere durnuklylyk bilen bagly töwekgelçiligiň monitoringini amala aşyrýar. Bölümçe ara mehanizmini utgaşdyrylmagyny döretmekde goldaw bermek milli utgaşdyryjynyň üstüne ýüklendi. Şeýle hem onuň wezipesine maglumatlary toplamak we habarlar bilen üpjün edilişini yzygiderli üpjün etmek, bu işe çekilen hünärmenleriň işlerini utgaşdyrmaga ýardam bermek, işlemegiň milli meýilnamasyny işläp taýýarlamak girýär.

Milli utgaşdyryjy toparyň mejlisiniň gün tertibine mikroblara garşy serişdeleri netijeli peýdalanmak, bu ulgamda epidemiologiýa gözegeçiligi, barlaghana gulluklarynyň işleri, şeýle hem mikroblara garşy durnuklylygy döremek serişdelerinde esasy keseller boýunça kliniki protokollary we bejermegiň standartlaryny işläp taýýarlamak ýaly meseleler çykaryldy. DDÖAS-yň weterinariýada we oba hojalygyndaky ýagdaýyny Döwlet weterinariýa gullugynyň wekili beýan etdi.

* * *

Şeýle hem şu günler Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde ýurduň barlaghana gulluklarynyň işgärleri üçin mikroblara garşy durnuklylygyň döremeginiň serişdelerini öwrenmegiň barlaghana usullary boýunça okuw tapgyry guralýar. Ony Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistana gelen bilermenleri we işgärleri geçirýärler.