Ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýramçylygyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, medeniýet öýlerinde dabaraly duşuşyklar, konsertler we beýleki baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesline hem-de ähli halkyna baýramçylyk Gutlagynda belleýşi ýaly, Ýaşulularyň halkara güni gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly milli ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. Ýaşulularyň halkara güni jemgyýetimiziň durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. Şoňa görä-de, agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň älem-jahana ýaň salýan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, belent ruhy joşguna eýe bolýar.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hem belent hormata mynasyp paýhasly ýaşulularymyz biziň daýanjymyzdyr. Jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň uly hyzmaty bardyr. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan asylly işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.
Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite karara laýyklykda tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda şanly seneleriň milli sanawyna girizildi, munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlara dolulygyna laýyk gelýär, şol syýasat bolsa türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklaryna we köpasyrlyk parasatly däp-dessurlaryna esaslanýar.
Şeýle däp-dessurlaryň biri hem ýaş nesli watançylyk ruhunda, edep-ekramly terbiýelemekde hem-de Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde bahasyna ýetip bolmajak baý durmuş we iş tejribesi bolan ýaşuly nesliň wekillerine sarpa goýmakdan, sylamakdan ybaratdyr. Çünki türkmen halkynda gadym döwürden bäri iňňän wajyp meseleleri aksakgally ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak däp bolup galypdyr. Türkmen jemgyýetiniň wajyp demokratik edarasy bolan Ýaşulular maslahaty hem muny aýdyň görkezýär.
Bu gün ildeşlerimiz çagalaryny, agtyk-çowluklaryny zähmetsöýerlige, ata Watanymyzyň häzirki döwri we nurana geljegi üçin belent jogapkärçilige mahsus ýörelgelere görä hakyky watançylyk ruhunda terbiýeläp, Diýarymyzyň gülläp ösüşine uly goşant goşýan ýaşuly nesliň wekillerine alkyş sözlerini aýdýarlar.
Şu gün Aşgabadyň Maslahat köşgüniň öňündäki meýdançada ýaşulularyň hormatyna dabara geçirildi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Dabarada milli parlamentiň ýolbaşçysy ýygnananlary bu baýramçylyk bilen gutlady. Ol öz çykyşynda türkmen halkynda gadymy döwürden bäri möhüm meseleleri baý durmuş tejribesi bolan abraýly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmegiň däp bolup galandygyny belledi. Ýaşuly nesliň wekillerine çuňňur hormata, olaryň halk arasynda uly abraýa eýedigine esaslanýan bu däp Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-döwlet gurluşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Soňra milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň wekillerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan awtoulagyň açaryny gowşurdy.
Hormatly il ýaşululary hem-de kümüş saçly eneler öňden gelýän däbe eýerip, awtoulaga un sepip, oňa alaja dakdylar.
Aýdym-sazly çykyşlardan soňra ýaşulular ýokary amatlyklary bolan mikroawtobusda paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, golaýlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk lybasyna beslenen giň şaýollaryna aýlandylar, Giňdiwarda Saglyk ýolunyň etegindäki ajaýyp seýilgähe bardylar.
Ýaşulularyň halkara güni ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdi. Olar «Watan» kinokonsert merkezinde ýaşuly nesilleriň öňünde çykyş etdiler.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz ýaşuly raýatlar barada aýratyn alada edýär. Ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekilleriniň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.
Pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi her ýyl artdyrylýar. Pensionerleriň, 1941—1945-nji ýyllaryň uruş weteranlarynyň, zähmet weteranlarynyň, maýyplaryň durmuş taýdan goraglylygyna hem-de olary goldamaga gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň birnäçesi, şol sanda «Durmuş üpjünçiligi barada» Türkmenistanyň Kodeksi kabul edildi.
Öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanyp gurlan sagaldyş merkezlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda halkymyza, şol sanda ýaşuly nesillere ýokary derejeli hyzmat edilýär. Döwlet syýasatymyzyň wajyp ynsanperwer ugurlarynyň biri hem ululara hormat goýmak we olar üçin zerur şertleri döretmek bolup durýar.
Ýaşulularyň sylagyna, jemgyýetde olaryň abraýyna, hormatyna taryhyň sahypalary, türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri, şeýle hem nesilden-nesle geçip gelýän halk nakyllary hem-de atalar sözi güwä geçýär. Halkymyzda öz ýaşulularyna pähim-paýhasly mugallymlary hökmünde garaýan «Ulusy bolmadygyň kiçisi bolmaz», «Öýüň daýanjy ýaşulusydyr» ýaly nakyllar döräpdir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýaşuly nesli hormatlap, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaralar häzirki döwürde Bitarap Türkmenistanda jemgyýetimiziň ruhy-medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk hem baýlaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly gazanylanlary has-da artdyryp, ýaşaýan, gurýan, döredýän, belent zähmet üstünlikleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuny garşylaýan halkymyzyň durmuşynyň düýpgöter özgerýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.