Ï «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 985
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan taýýarlanan, her çärýekde çykýan "Demokratiýa we hukuk" žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýän neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň halkyna Ýüzlenmesi bilen açylýar.

Okyjylara hödürlenýän mowzuklaýyn makalalaryň arasynda ýurdumyzyň mundan beýläk hem demokratik ýol bilen öňe gitmegini, ösen jemgyýeti we türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmegiň pugta binýady bolan konstitusion özgerişlikleri geçirmegiň mazmunyny, maksatlaryny we wezipelerini beýan edýän makala bar. "Adam, onuň hukuklary we azatlyklary ýokary konstitusion gymmatlyk hökmünde" diýen makalada döwletiň her bir raýatyň öňünde jogapkärdigi we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýändigi, raýatyň saglygyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, hukuklaryny goraýandygy bellenilýär.

Žurnalyň bu sanyndaky makalalaryň birinde Türkmenistanyň Zähmet kodeksini halkara zähmet hukuk ýörelgelerine laýyklykda utgaşdyrmak hakynda gürrüň edilýär. Bellenilişi ýaly, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biri bolan Halkara zähmet guramasyna (HZG) agzalyga geçeli bäri ýurdumyz bu ulgamda esasy konwensiýalara goşuldy hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. HZG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeleri zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde degişli milli kanunçylykda öz beýanyny tapýar.


Täze taryhy eýýamda döwletimiz mundan beýläk hem her bir maşgalanyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak we ruhy taýdan kämil bolmagyny gazanmak üçin möhüm işler amala aşyrýar, ösüp barýan ýaş nesli mynasyp terbiýelemek üçin ähli şertleri döredýär. Žurnalyň sahypalarynda maddy gymmatlyklary kemala getirmekde we aýawly saklamakda maşgalanyň orny, maşgalany pugtalandyrmak, enelere we çagalara maddy goldaw bermek, türkmeniň gadymdan gelýän ýokary ahlak ýörelgeleri bolan maşgala ojagynyň mukaddesligi, eneleriň, gelin-gyzlaryň sarpasyny belent tutmak üçin edilýän tagallalar hakynda makala çap edilipdir.

Ýaşlar syýasatyna, bilim we hünär almaga kepillendirilen hukugyň berjaý edilmegine hem uly üns berilýär. "Ýaşlaryň ylmy işlerine döwlet goldawy" atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ylym ulgamyny ösdürmegiň maksatlaýyn binýadyna garalyp geçilýär. Hususan-da, ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy, Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler arkaly görkezilipdir.

Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary jemgyýetde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly milli-medeni mirasymyzy has giň we köptaraplaýyn göz öňüne getirmäge ýardam berýär.

Bu babatda "Milli miras—ýaşlarda özüňe akyl ýetirişiň binýady" we "Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamagyň hukuk jähtleri" atly makalalar örän derwaýys bolup durýar. Olarda soňky ýyllarda Türkmenistanda kabul edilen milli medeni mirasy gorap saklamak meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň ähmiýeti nygtalýar. Şeýle hem makalalarda ÝUNESKO hem-de BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň ýanynda işleýän düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygy barada hem aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, bu guramanyň işi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyň sanawyna girizilmäge hödürlenilýän desgalaryň ähmiýetine baha bermäge gönükdirilendir.

Şeýle hem neşirde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan makala çap edilýär. Onda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, adamyň beden hem-de ruhy taýdan kämilligini goldamak, bu ulgamda raýatlaryň maddy we hukuk taýdan goraglylygyny kepillendirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Žurnalyň bu sany "Senenama" ýygyndysy bilen jemlenýär. Onda Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy bu halkara guramasynyň abraýly düzümlerine gatnaşyjy hökmünde hyzmatdaşlygy, şeýle hem daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän maslahatlar barada gysgaça maglumat berilýär.