Ï Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri ýubileý sergisiniň Baş baýragyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri ýubileý sergisiniň Baş baýragyna mynasyp boldy

view-icon 1248
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Ykdysady ösüşleriň ýubileý sergisiniň Baş baýragyna mynasyp boldy.

Ýubileý sergide görkezilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary döwlet Garaşsyzlygy ýolundaky özgertmelerde ýetilen sepgitlere we uly möçberi üstünliklere baha bermäge mümkinçilik berýär. Derman senagaty kärhanalarynyň önümleriniň giň möçberinden, bejeriş we sagaldyş edaralarynyň işi barada gürrüň berýän maglumatlar tagtalaryndan başga-da ýörüte sergä bagyşlanan wideoşekiller hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär.


Häzirki wagtda keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, öňdebaryjy bejeriş tilsimatlaryny ornaşdyrmak, lukmançylyk ugrunda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek, uly möçberli halkara hyzmatdaşlygy-- milli saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan üýtgewsiz ugurlarydyr.

Iň döwrebap lukmançylyk merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Täze açylan lukmançylyk merkezleriniň dördüsi—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygu we iýmiti merkezi, Morfologiýa merkezi. aýratyn howply ýokanç keselleriniň öňüni alyş Merkezi abraýly International Property Awards baýragyna mynasyp boldular. 1995-nji ýylda döredilen bu baýrak birnäçe ugry, şol sanda „Binagärlik“, „Içki bezeg“, „Gozgalmaýan emläk ulgamyndaky kompaniýa“ ýaly beýleki ugurlary öz içine alýar. Ol häzirki wagtda ýaşaýyş jaý we gozgalmaýan edara emlägi ulgamynda iň abraýly halkara baýraklarynyň biridir.


Tärkmenistana BSG-nyň gyzamygyň we gyzyljanyň ýok edilenligi hakyndaky halkara şahadatnamasynyň gowşurylmagy şu ýylyň şanly wakasy boldy. Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen dabara gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, munuň özi türkmen saglygy goraýşynyň ýeten ýokary derejesiniň, amala aşyrylýan işleriň, şol sanda ýurduň ilatynyň arasynda immunizasiýa sanjymynyň geçirilmeginiň, şeýle-de immunizasiýa babatda goşmaça çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ykrar edilmeginiň netijesidir, netijede Türkmenistanda 2012-nji ýylyň ýanwaryndan bäri gyzamygyň we gyzyljanyň bir hadysasy-da hasaba alynmady. BSG-nyň halkara synçylarynyň pikirine görä, öňde goýlan wezipelere ýetmekdäki Türkmenistanyň tejribesi bu halkara guramasynyň Ýewropa sebitindäki beýleki ýurtlaryna-da ýaýradylmalydyr.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň täzeden döremeginiň öňüni almak boýunça Ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşanlar-da muny tassykladylar. Dokuz ýurduň ýokary wezipeli wekilleriniň we BSG-nyň Ýewropa býurosunyň we baş edarasynyň esasy synçylarynyň ýygnanşygy şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň hökümetiniň goldamagynda geçirildi. Maslahatyň esasy maksatlarynyň biri-de, gyzzyrma keseliniň täzeden döremeginiň öňüni almak boýunçaAşgabat jarnamasynyň gutarnykly tekstini taýýarlamakdy. Bu maslahaty geçirmek üçin Türkmenistanyň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. BSG-nyň işgärleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan gyzzyrma keselini ýok edip boljakdygyny subut etdi. Eger-de syýasy taýdan erjlellik görkezilip, ýeterlik maliýeleşdirmek ýola goýulsa, üstünlik gazansa bolar, biziň ýurdumyz işi üstünlikli guramagyň, aýratyn-da hyzmatdaşlyk meselesinde işi üstünlikli guramagyň nusgasyna öwrüldi.