Paýtagtyň Jemgyýetçilik sagdynlygy we iýmitlenmegi merkezinde hili ýaramaz bolan iýmitleri ulanmak we keseller bilen baglanyşykly kesellere gözegçilik etmek, öňüni akmak we barlamak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bäş günlük Sebitara bölümara öwrediji okuw sapaklary öz işine başlady. Ol BSGG Ýewropa sebitleýin edarasy bilen BSGG Türkmenistandaky edarasy bilen bilelikde guraldy. Onuň işine halkara bilermenleri we BSGG Ýewropa sebitleýin edarasynyň iki sany işgäri, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan lukman hünärmenleriniň sekizisi, milli hünärmenleriň 40-dan gowragy gatnaşdy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden habar berişleri ýaly, bu okuw maslahatynyň maksady hili ýaramaz bolan iýmitleri ulanmak bilen ýüze çykýan kesellere gözegçilik etmek, öňüni almak we barlamak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işgärler mümkinçiligini berkitmek bolup durýar. Esasy üns bölümara hyzmatdaşlygyna we maglumatlary alyşmaga berildi.
Bu öwrediji okuw sapagy epidemiologlar we mikrobiologlar üçin umumy sessiýalardan we tematiki mejlislerden ybarat bolar. Oňa gatnaşyjylar hili ýaramaz bolan iýmitleri ulanmak bilen ýüze çykýan kesellere gözegçilik etmek, öňüni almak we barlamagyň meselelerini, şeýle hem hyzmatdaşlyk etmegi we maglumatlary alyşmagy ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan hem başga, Jemgyýetçilik sagdynlygy we iýmitlenmegi merkeziniň iň häzirki zaman barlaghanalarynda amaly sapaklar geçiriler.
Öwrediji okuw sapaklary sebitiň ýurtlarynyň hünärmenleriniň Halkara lukmançylyk-arassaçylyk düzgünleri we “INFOSAN” tory barada bilimlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Sebitara bölümara öwrediji okuw sapaklarynyň jemleri boýunça hereket etmegiň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak göz öňünde tutulýar.