Ï Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

view-icon 814
Bu tematiki forumda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Niloferiň çykyş etmegi esasy waka boldy. Onuň çykyşy Durnukly ösüş maksatlary babatda çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça BMG-niň Çagalar gaznasynyň köp ugurly işine şaýatlyk edýän wideoýygyndy bilen utgaşdyryldy.

Maslahatyň gün tertibi çaganyň sazlaşykly ösmeginiň, onuň şahsy ukyplaryny amala aşyrmagy üçin şertleri döretmeiň meselelerine bagyşlandy. Hormatly myhman talyplaryň sowallaryna jogap berdi, ondan soňra milli we halkara derejesinde çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýany amala aşyrmagyň esasy ugurlary barada täsirli pikir alyşmalar boldy.

HYYweÖU talyplary we mugallymlary “Her bir çaga üçin men näme isleýärin” tema boýunça bäsleşige gatnaşmak bilen, ÝUNISEF-iň başlangyjyny goldadylar. Jemal Ýüşmekowanyň, Nagima Hojaýewanyň we Maýa Esenmyradowanyň işleri iň gowy işler diýlip ykrar edildi.

Şahin Nilofer ýeňijileri gutlap, gyzlara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak bilen, bäsleşige beýleki gatnaşyjylara hem minnetdarlyk sözlerini aýtdy hem-de olaryň makalalarynyň ýörite neşire girjekdigini nygtady.

Golaý wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem şular ýaly maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.