Ï Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen

view-icon 733
Paýtagtymyzda “Türkmenistan—ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän “Açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de däbe öwrülen ugurlarda täze mümkinçilikleri açmak, bilelikdäki taslamalary, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işlerini işjeňleşdirmek üçin geljekki hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Türkmen we amerikan işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmanyň uludygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga bolan islegini nazara almak bilen uly mümkinçiliklere eýedir.