Milli sport we syýahatçylyk institutynda golaýda Olimpiýa şäherjiginde geçirilen jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynyň ýeňijileri bolan hem-de baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenleriniň hormatyna dabara geçirildi. Umumy toparlaýyn ýaryşda birinji orny eýeläp, ajaýyp ýeňiş gazanan türgenlerimize hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen pälwanlaryny gutlamak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa Komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary, tälimçiler hem-de öňdebaryjy türgenler geldiler.
Aziýa çempionatynyň netijesi boýunça ildeşlerimiziň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 33 medal — 6 altyn, 9 kümüş we 18 bürünç medal gazanandygyny ýatladýarys. Hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna ne-waza (parterde göreşmek) görnüşi boýunça Amina Halyllaýewa (45 kilograma çenli agram derejede), Angelina Filippowa (55 kilograma çenli agram derejede), Ogulnar Atdaýewa (62 kilograma çenli agram derejede), Wioletta Krowýakowa (70 kilogramdan ýokary agram derejede), şeýle hem Ahmet we Ýusup Taňryberdiýewler (duo-show), Patma Hojiýewa we Dmitriý Rus (duo-classik) çykdylar.
Gadymy Gündogar başa-baş göreşiniň ussatlary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda köp sanly sport desgalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurlandygyny bellediler. Şunuň netijesinde Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Şeýle hem öňde duran 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna jiu-jitsunyň girýändigi bellenildi. Bu bolsa şeýle ýaryşlaryň täze derejesini kesgitlär. Çünki ýaryşlar sebit çäklerinden daşyna çykar: Türkmen paýtagtyna diňe bir Aziýa ýurtlarynyň milli ýygyndylary däl-de, Okeaniýa döwletleriniň ýygyndylary hem gelerler. Şeýlelikde, Türkmenistan olimpiýa hereketiniň ýörelgeleriniň tarapdary bolan ýurt hökmünde öňe çykýar.