Ï Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

view-icon 954
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar . Özygtyýarlylyga eýe bolan döwletimizde jemgyýetçilik aňyny, syýasy we demokratik ýörelgeleri kemala getirmek hem-de öňde duran ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda Demokratik partiýanyň işjeň agzalary öz öňünde duran meseleleriň we işleriniň möhümdigine aňry ýany bilen düşünýärler.