Ï Mary welaýatynda çagalaryň gyşky dynç alşy gyzykly geçer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda çagalaryň gyşky dynç alşy gyzykly geçer

view-icon 1043
Mary welaýatyndan çagalaryň üç ýüzüsi gyşky dynç alyşda Mary etrabynda ýerleşýän çagalar-dynç alyş merkezinde dynç alarlar. Bu ýerde olary täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary Aýaz baba bilen Garpamyk mänirli garşy aldylar. Çagalaryň gowy dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezine gezelençden soň täze ýyl arçasynyň ýanynda bolan baýramçylyk dabarasynda olar goşgy okap, aýdym aýtdylar, tans etdiler. Aýaz baba olara täze ýyl sowagatlaryny taýýarlapdyr. Çagalar sagaldyş merkezinde dürli medeni-bilim, sport we gyzykly dynç alyş çärelerine gatnaşarlar, gezelenje, teatrlara, muzeýlere giderler.

Okuwçylaryň köpüsi gyşky dynç alyşda amatly awtobuslarda mugallymlarydyr terbiýeçileri bilelikde Görderedäki sagaldyş merkezlerine gitdiler. Merkeziň hersinde täze ýyl baýramçylyk ruhy höküm sürýär: täze ýyl arçalary bar, ýaşajyk myhmanlaryň ýaşajak otaglary täze ýyl äheňinde bezeleipdir.