Ï TNGIT-nda köpugurly sport-sagaldyş toplumy işleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TNGIT-nda köpugurly sport-sagaldyş toplumy işleýär

view-icon 966
Ýurdumyzyň iň iri kärhanasy bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sözüň doly manysynda industrial taýdan öňde barjyy kärhana hasaplanylýar. Kärhananyň gazanýan üstünlikleri diňe bir onuň durnukly döwrebaplaşdyrylmagy we täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagy bilen däl-de, eýsem durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi bilen-de häsiýetlendirilýär, sport bolsa ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Kärhanadaky oýunlar meýdançalary, köpugurly „Şagadam“ stadiony we Türkmenbaşy şäheriniň merkezindäki medeni-sport toplumy, „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagyndaky sanatoriý görnüşli dynç alyş öýi toplumyň işgärleriniň ygtyýaryndadyr. TNGIT-nyň sport şöhraty otagynda nebiti gaýtadan işleýjileriň dürli ýaryşlarda gazanan baýraklary we medallary ýygnalypdyr.

Hemişe köp adamly sport binalarynyň arasynda TNGIT-nyň bedenterbiýe-sagaldyş toplumy (BST) öňe saýlanýar. Ol zawodyň girelgesiniň golaýynda abadanlaşdyrylan we bag-bakja bürenip oturan senagat zolagynda ýerleşýär. Toplumda suw howdanlary, kiçi futbol, gandbol, baskenbol, woleýbol üçin sport zaly bar. Gündogaryň başa-baş söweşleri, stol üstünde oýnalýan tennis, çeper gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça türgenleşiklerdir ýaryşlar-da bu ýerde geçirilýär. Şeýle bolsa-da sagaldyş işleri BST-nyň işiniň esasy ugrydyr.

Zawodyň işgärleri her gün işden soň ýadawlygyny aýryp, dynç almak we keýpini çaglamak üçin bu ýere gelýärler. Türgenleşiklere tejribeli instruktorlar gözegçilik edýärler. Suwa ýüzmek boýunça türgenleşikleri sport ussady, suwda ýüzmek boýunça diplomly hünärmen we bejeriş bedenterbiýesi boýuça lukman Tatýana Nikolaýewna Ýegenmämmedowa alyp barýar. Zawodda ençeme ýyl bäri işläp gelýän ýaşuly nesliň wekilleri-de, ýaşlar-da ondan sapak alýarlar. Olaryň köpüsi sport mekdeplerine gatnapdyrlar, suwda ýüzmek boýunça sport derejeleri bar. Ýöne suwda ýüzmäni indi öwrenýänlerem az däl. Ýapyk howdanlarda türgenleşik geçmek üçin amatly şertler dörediipdir, olar suwy arassalamak we oňaýly temperatura şertlerini saklamak ulgamlary bilen üpjün edilipdir.

Stol üstünde oýnalýan tennis, göreş, BST-nyň beýleki bölümlerinde sportuň oýnalýan görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesekler kän. Kärnananyň işgärleriniň arasynda dünýä belli kompaniýalaryň önümi bolan her hili sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan trenažor zallar-da meşhurlyga eýedir.

Saglyk medeniýeti zawodyň işgärleriniň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Şonuň üçinem olaryň köpüsiniň zähmetde ýokary netijeler gazanyp, ägirt uly kärhananyň gazanýan üstünliklerine şahsy goşandyny goşmagy ýöne ýere däldir.