Ï Paýtagtymyzda her biri 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalaryň hem 3-si ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda her biri 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalaryň hem 3-si ulanmaga berildi

view-icon 707
Ýurdumyzyň “Medet-Emir” hem-de “Galaly göz” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan gurlan awtoduralgalar sany barha artýan hususy ýeňil awtoulaglaryň oňaýly goýulmagyna ýardam etmelidir.

Täze awtoduralgalar halkara ülňülerine hem-de özüniň wezipesi we üpjünçiligi babatda iň döwrebap ölçeglere laýyk gelýär. Duralgalar awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Olaryň girelgesinde ýörite elektromagnit enjamy, çykalgasynda bolsa detektor enjamy ornaşdyryldy. Bu ýerde her bir awtoulag üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr, awtoulaglaryň bökdençsiz girmegi hem-de çykmagy üçin bolsa hatarlaryň arasynda giň ýollar, ýokaryk galmak we düşmek üçin estakadalar bar. Köp gatly awtoduralgalar ýangyn söndüriji ulgam bilen enjamlaşdyryldy, olara ýanaşyk ýerler bolsa abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.