Gypjakda özboluşly däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň saklanylmagyna hem-de olaryň dowamatlylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi, onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň milli ýörelgeleriniň, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzyň aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýandygyny hem-de jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky” Konstitusion Kanunda: “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň bähbidine jar edilýär” diýlip kesgitlenildi.
Döwlet özygtyýarlylygy sözüň doly manysynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli ruhy hem-de maddy medeniýeti täzeden dikeltmäge mümkinçilik berdi. Olarda edermen halkymyzyň duýgulary, tämiz pikirleri duýulýar hem-de bu ýörelgeleriň astynda nesilden-nesle geçip gelýän çuňňur ynsanperwerlik dessurlary bar.
Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milletimiziň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ösdürilmegine, halkymyzyň döredijilik ruhunyň we mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleriň oňyn binýadyny emele getirýändigi bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatynyň ähmiýeti barada aýdyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ägirt uly özgertmelere beslenen üstünliklerini wagyz etmäge, milli mukaddesliklerimizi, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny we asylly ýörelgelerini çäksiz hormatlaýan ruhubelent nesilleriň kemala getirilmegine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de Watanymyzyň ösüşleri üçin yhlas bilen işlejekdiklerine, parasatly hem-de merdana ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, milli we ahlak gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.