Ï Paýtagtymyzdaky nobatdaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzdaky nobatdaky binagärlik açylyşlary

view-icon 1137
Paýtagtymyzda nobatdaky täze gurluşyklaryň — köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de Parahat—7 kiçi etrapçasynda çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy.

Ýaşaýyş toplumlaryny durmuş desgalary hem-de degişli düzümler bilen bilelikde gurmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda, şol sanda gün-günden görk alýan ak mermerli paýtagtymyzda gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde bildirýän möhüm talabydyr.


Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigi hem-de onuň ilatynyň sanynyň artýandygy göz öňünde tutulyp, Parahat—7 ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň işlenip taýýarlanan taslamalarynyň tanyşdyryşy 2014-nji ýylyň dekabrynda geçirilipdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, köp öýli 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurulmagy — jemi 2 müň 520 maşgala niýetlenen öýleriň 60-syny, orta mekdepleriň 4-sini, çagalar baglarynyň 8-sini we Saglyk öýüni gurmak göz öňünde tutuldy.

Aşgabat Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini aýdyň görkezýän şäherdir. Paýtagtymyz seýilgählere we bagy-bossanlyga beslenip, köşkleriň altyn gümmezleri hem-de köp sanly kümüşsöw suw çüwdürimleri bilen öwüşgin atýar. Ak şäherimiz belent gatly häzirki zaman binalarynyň we ymaratlarynyň ajaýyp binagärligi bilen haýran galdyrýar, şolaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak, şäher düzümlerini has-da döwrebaplaşdyrmak meselelerine örän uly üns berip, bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagyň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugrudygyny nygtaýar.


Adamlaryň ýaşamagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, amatly durmuşyna we dynç almagyna zerur şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip düzülende we ýerine ýetirilende hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar hem-de bu talaplaryň paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine-de deň derejede degişlidigini belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her bir iş sapary gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen içgin tanyşmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonda hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň ähli ugurlaryna içgin aralaşyp, hiç bir zady ünssüz galdyrmaýar. Taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar we dizaýnerler alyp barýan işlerinde Türkmenistanyň Baştutanynyň desgalaryň niýetlenen ugruna, gurluşygyň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, olaryň daşky bezegine degişli berýän oýlanyşykly tekliplerinden ugur alýarlar.


Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däplere eýerilip, ýurdumyzda jaý toýlary giňden we dabaraly bellenilýär. Ine, bu gün hem dürli bezeg serişdeleri bilen örän owadan bezelen täze jaýlaryň ýanynda aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Täze ymaratlaryň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäherliler ýygnandylar. Täze jaýlaryň eýelerini gutlamaga medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, aýdym-saz bilen çykyş etdiler.

Parahat—7 ýaşaýyş toplumynyň jaýlarynyň taslamasy olaryň binýadynyň, üçeginiň, diwarlarynyň netijeli çözgütleri esasynda düzüldi. Olaryň suwag işlerinde ýokary hilli iň häzirki zaman gurluşyk we beýleki serişdeler ulanyldy. Bir jaý 54 maşgala niýetlenendir, beýleki üçüsiniň her biri bolsa 36 öýlüdir. Täze jaýlar Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.


Ýurdumyzyň telekeçileri uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de welaýatlarda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar. Hususy gurluşyk kärhanalaryna paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň köp möçberi, şol sanda ýurdumyzyň baş şäherinde gurluşyk alyp barmagyň nobatdaky 13-nji tapgyrynyň desgalaryny bina etmek ynanyldy. Taslamalar düzülende hem-de ähli zerur aragatnaşyk serişdeleri bolan ajaýyp edara binalary, ýaşaýyş toplumlary, iri önümçilik we durmuş desgalary gurlanda hususy gurluşyk kompaniýalary dünýä derejeli iň täze işläp düzmeleri we häzirki zaman tehnikalaryny peýdalanýarlar.

Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, ol ýerlerde çagalaryň oýnamagy üçin, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdançalar hem-de awtoduralgalar peýda boldy. Güller ekilip, ýaşyl baglyklar döredildi, oturgyçlar hem-de köçeleri ýagtylandyryjylar oturdyldy.

Dabarada täze öýüň eýeleri şatlyklaryny paýlaşyp, adam jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen, gülläp ösýän ýurtda ýaşamak bagtyna eýe edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Türkmen paýtagtynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan milli maksatnamalaryň, döwletiň durmuş syýasatynyň ýerine ýetirilmegi babatda garalýar. Adamlaryň ýaşaýşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek özgertmeleriň esasy ugrudyr. Meýdany giň, goşmaça kömekçi otaglary bolan öýler indi kada öwrüldi. Naharhana, aşhana, giň dalan — ähli zat oňaýlylygyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Durmuş ulgamynyň desgalarynyň hatarynda bu ýerde “Oguz ýol” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 160 orunlyk çagalar bagy hem bar. Iki gatly mekdebe çenli edara binasy häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr hem-de çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi, terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere eýedir.


Çagalaryň oýnamagy we dynç almagy üçin giň otaglar bilen bir hatarda bu ýerde maslahatlar we sport zallary, lukmançylyk otagy, suwda ýüzülýän howuz bar. Binanyň ýanaşyk ýerlerinde çagalar meýdançasy gurnalypdyr.

Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehinini we ukyplaryny ösdürmäge hemme şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary şu maksatlara gönükdirilendir. Ol maksatlar bolsa, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbalyna, onuň mynasyp geljegine bolan ýokary jogapkärçilikden ugur alýar.

Ösüp gelýän nesilleri terbiýelemek täze döwürde biziň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň häsiýetleriniň, ahlak ugurlaryň we gymmatlyklaryň, durmuşa ukyplylygyň we maksada okgunlylygyň düýbi tutulýar. Şol döwürde çaga mähri, ünsi we aladany duýup, onuň özi beýlekileriň aladasyny etmegi we olar bilen şatlanmagy, özi hem-de öz ýakynlary üçin jogapkärçilik çekmegi öwrenýär, köp zatlary bilmäge ymtylýar.

Çagalar hakyndaky aladanyň geljek baradaky asylly we ygtybarly aladadygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz hemişe durmuş syýasatynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda yzygiderli, ajaýyp özgertmeleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. Halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülmegi döwrebap düzümleri bolan has oňaýly şäher gurşawynyň, türkmenistanlylaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly, oňaýly şertleriň döredilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.