Ï Mary welaýatynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen täze dört gatly ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen täze dört gatly ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy

view-icon 1023
Köp öýli täze jaýy şäheriň günorta-günbatar künjeginde ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalary bina ederler. Bu işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýyplar we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki adamlar üçin mugt ýaşaýyş jaý gurmak baradaky başlangyjy boýunça badalga berlen maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar.

Dabara Mejlisiň Başlygy we deputatlary, welaýatyň hem-de şäheriň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Täze jaýy gurmak üçin bölünip berlen çäk dürli reňkli baýdaklar, şarlar bilen bezelipdir. Ýygnananlaryň öňünde welaýatyň iň gowy aýdym-saz toparlary çykyş etdiler. Türkmen halkyny täze belentliklere, uly üstünliklere alyp barýan Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Welaýatyň sport mekdepleriniň türgenleri görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Aýdym-sazyň we dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze binanyň binýadyna ilkinji beton garyndylary atyldy.

Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan, belent, giň aşhanaly döwrebap jaýlarda göwnejaý ýaşaýyş üçin ähli şertler üpjün ediler. Onuň girelgelerinde we basgançaklarynda ýörite tutawaçlar hem-de ýeňil girip-çykmaga niýetlenen amatly mümkinçilikler dörediler.

Täze bina köp şahaly durmuş düzümi kemala gelen ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşer. Munuň özi mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde çagalar baglary, umumy bilim berýän mekdepler, söwda toplumlary we lukmançylyk edaralary ýerleşýär.

Bina edilýän jaýyň golaýynda birnäçe ýyl mundan öň ulanmaga berlen döwrebap sport mekdebi bar. Şu döwrüň içinde ol sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary, sporty söýýänler üçin merkeze öwrüldi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlary, şol sanda mümkinçiligi çäkli bolan ynsanlary fiziki taýdan berkidýär.

Dabara gatnaşyjylar häzirki giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.