Ï Balkan welaýatynda durmuş özgertmeleri strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda durmuş özgertmeleri strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

view-icon 669
Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Etrek etrabynyň Gudrolum obasynda täze Saglyk öýi açyldy.

Alysdaky bu obada eýýäm söwda merkezi we bazar açyldy, bu bolsa ýerli ilatyň harytlar we hyzmatlar bilen üpjüniligini has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi. Indi döwrebap, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk edarasy-da olaryň hyzmatynda.

Saglyk öýl welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirýetiniň tabşyrygy boýunça bina edildi.Onda sanjym, bejeriş-keseliň öňüni alyş, laboratoriýa-kesel anyklaýyş otaglary bar. Döwrebap lukmançylyk enjamlary lukmanlara keseli başlan döwri anyklamaga we ýatymlaýyn ýa-da gündizki netijeli bejeriş çärelerini bellemäge mümkinçilik berer. Köpugurly Saglyk öýüniň tejribeli hünärmenleri-lukmanlar we ýörüte orta bilimli hünärmenler ilata hyzmatlaryň ähli görnüşlerini ederler.