3,5 gektardan gowrak ýerde bina edilýän durmuş ähmiýetli binada telekeçilik we söwda-dynç alyş merkezi, şeýle hem Dabaralar köşgi bolar.
Bäş gatly Telekeçilik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de „Rysgal“ Paýdarlar-täjirçilik bankynyň welaýat bölümleri, maslahatlar zaly, edara otaglary, telekeçilik mekdebi ýerleşer. Söwda –dynç alyş merkezinde supermarket, dürli harytlary we sowgatlyklary satmak üçin ýöriteleşdirile dükanlar, oýunlar zolagy, kafelerdir garbanyşhanalar bolar. Dabaralar köşgi nepis binagärlik we döwrebap bezegleri bilen tapawutlanar.
Binanyň töwereginde landştaft binagärligi binalary, gezelenç zolagy bolar, ulag duralgaLary abadanlaşdyrylar, üýtgeşik çyralar we oturgyçlar oturdylar.
Täze söwda-dynç alyş toplumy diňe bir durmuş ähmiýetli bina bolman, eýsem özgerýän DaşoguzYň özboluşly görküne görk goşjak ýere öwrüler.