Ministrler Kabinetiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň okatmagyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak, ylmy edaralaryň işini we sport ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, guramaçylyk işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Iş maslahatynyň barşynda bu düzümleriň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi bellenilip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň baş talabydygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 24-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň maslahatynda belleýşi ýaly, ylym we bilim ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň hem-de geljekki ösüşleriň esasy bolup durýar.
Bu wezipelerden ugur alyp, döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamynyň giňden ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp, onuň esasy wezipelerini öňe sürdi. Şunda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň sanly (elektron kitaplar, seminarlar hem-de beýleki maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary) serişdelerini, uzak aralykdan okatmak usullaryny we beýleki döwrebap çemeleşmeleri ulanmak meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz okatmagyň sanly ulgamynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Duşuşykda bu konsepsiýanyň esasyny düzýän möhüm ugurlar we kadalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim edaralary we beýleki döwlet guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary kesgitlenildi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylyp, öňdebaryjy tejribä we ylmyň gazananlaryna daýanylýar hem-de olaryň esasynda giň möçberli maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, aýratyn-da, ýokary hünärli ýaş alymlaryň täze nesliniň taýýarlanylmagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda bu ulgamlaryň öňünde durýan wezipeler, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary barada aýdylyp, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron serişdeler hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Milli Liderimiziň sport ulgamyny ösdürmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň toplumy ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň gün tertibinde öz beýanyny tapdy.
Maslahatda çykyş edenler bildirilen ynam we döredijilikli işlemek üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.