Ï Minskidäki Türkmen-Belorus söwda öýi alyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Minskidäki Türkmen-Belorus söwda öýi alyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy

view-icon 760
Jogapkärçiligi çäklendirilen bilelikdäki „Türkmen-Belorus söwda öýi“ 2010-njy ýylda açyldy. Häzirki wagtda bu dükandaky dokma önümlerine Minskiniň ilaty mynasyp baha berýär.

Muňa söwdanyň artmagy-da şaýatlyk edýär, ol 2016-njy ýylda 2015-nji ýyldakydan 5% ýokarlandy. Bu ýerdeTürkmenistanyň dokma senagat kärhanalarynyň Belarusa iberýän trikotaž, ýumşak we owadan ýorgan-düşeklerine uly isleg bildirilýär. Minskidäki dükanyň tekjelerinde

Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň, Aşgabadyň dokma toplumynyň, Gypjagyň jinsi fabriginiň we beýleki ençeme kärhanalaryň önümleri bar.


Gündelik ulanylýan harytlardan başga-da, islendik öýüň bezegi bolan ajaýyp türkmen halylarynyň nepis gölleri-de göreni özüne bendi edýär.

Alyjylaryň biri öz pikirini şeýle beýan etdi:

-Men bu söwda öýi diňe bir Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli harytlary hödürlemän, eýsem türkmen halkynyň medeniýetini hem ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berýär diýip pikir edýärin. Men dürli halklaryň halylaryny ýygnaýaryn, şonuň üçinem bu dükan meniň üçin has gymmatlydyr. Onsoňam men bu ýerden ýygy-ýygydan özüm we ýakynlarym üçin köýnekçe, jinsi, tüýli ýumşak desmallary satyn alýaryn: olaryň bahasy arzan bolsa-da, hili söz bilen beýan ederden has gowy!