Ï Türkmenistanyň ýolagçy howa ulaglarynyň üsti täze «Boing» bilen ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýolagçy howa ulaglarynyň üsti täze «Boing» bilen ýetirildi

view-icon 847
Amerikanyň bütin dünýä belli “Boeing” korporasiýasynyň nobatdaky häzirki zaman howa gämisi “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iň täze kysymdaky howa ulaglarynyň üstüni ýetirdi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan “Boeing 737—800” täze uçar ýokary tygşytlylygy, oňaýlylygy bilen häsiýetlenýär hem-de bir uçuşda 160 adama çenli ýolagçy gatnatmaga ukyplydyr. Uçaryň ugur görkeziji we elektron enjamlarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar ulanylypdyr.

Ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan uly möçberli meýilnamalaryň aýrylmaz böleginiň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyna içerki we halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy” innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlere hem-de iň oňat dünýä tejribesine gönükdirilendir.

Geçen ýylyň sentýabrynda iň häzirki zaman täze Aşgabadyň Halkara howa menziliniň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu Halkara howa menzil Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr nokadyna öwrüldi. Açylyş dabarasynda howa menziline milli howa ulgamy üçin satyn alnan “Boeing 737—800” nobatdaky täze uçar hem gelip gondy.

Täze howa gämileriniň tehniki häsiýetnamalary olary diňe bir içerki gatnawlarda peýdalanmaga däl, eýsem-de, Türkmenistandan Aziýanyň hem-de Ýewropanyň islendik nokadyna çenli gonman uçuşy amala aşyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär. Şeýlelikde, türkmen uçarmanlary yzygiderli halkara ýolagçy gatnadylyşynyň çäklerini giňeldip hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler. Bu bolsa Türkmenistanyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasaty babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Milli däplere laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri howa menzilinde täze uçaryň gelmegi mynasybetli ak pata bermegiň dessurlaryny berjaý etdiler hem-de milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegini dileg edip, doga okadylar.