Ï 18-nji martda ählihalk bag ekmek ýowary geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

18-nji martda ählihalk bag ekmek ýowary geçiriler

view-icon 905
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi tabşyrdy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2017-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 3 millionyny, şol sanda miweli baglary ekmek göz öňünde tutulýar.