“Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkyň saglygy we onuň bagtyýar durmuşy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly ýörelgedir.
Milli Liderimiziň häzirki we geljekki nesiller üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meselelere öňdengörüjilikli çemeleşmegi dünýä bileleşiginiň ХХI asyryň howplaryna hem-de wehimlerine, şol sanda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, temmäki ulanmagyna garşy tagallalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, onuň öňüni almak, neşekeşlige bagly bolan adamlary bejermek, olary ýaramaz endiklerden daşlaşdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalar bilen ýygjam hyzmatdaşlykda uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistan tutuş adamzada howp salýan bu ýaramaz endige garşy göreşmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň kontrabanda ýoly bilen getirilmeginiň, olaryň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak boýunça köpugurly maksatnamalaýyn işler geçirilýär. Şeýle işleriň ählisi hukuk goraýjy edaralar, gümrük we serhet gulluklary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýygjam hyzmatdaşlykda toplumlaýyn alnyp barylýar. Neşe serişdeleriniň köki-damary bilen ýok edilmegi boýunça olary ulanmagyň zyýany hakynda giň wagyz-nesihat işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Çykyş edenleriň her biri halkymyzyň ähli döwürlerde hem kanuny bozup, neşe serişdelerini ýaýratmak bilen, jemgyýete ägirt uly howp salýanlary hemişe ýazgarypdyr. Şeýle hem adamlaryň saglygyna zeper ýetirip, baýamak isleýänler üçin has berk jezanyň berilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Ýakynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň üstünlikli geçiren dessin çäreleri netijesinde neşe serişdelerini kontrabanda ýoly bilen getirip, söwda edýän wagtlary saklanylan birnäçe adamy mysal getirdiler, şu günki çärä gatnaşyjylaryň ählisi şeýle hannaslara iň berk çäre görülmelidigini talap etdiler. Olaryň köpüsi neşe söwdasyny edýänleriň günäsi geçilmek hukugyndan mahrum edilip, ömürlik tussaglyga höküm edilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen jemgyýetiniň döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň hökümeti we parlamenti tarapyndan, ählumumy ähmiýete eýe bolan bu howpuň düýp-teýkary bilen ýok edilmegine gönükdirilip kabul edilýän degişli çäreleriň hemişe doly goldanylandygyny hem-de goldanyljakdygyny nygtadylar.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmeginiň häzirki döwrüň wehimlerinden goranmak boýunça amala aşyrylýan tagallalaryň esasylarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Milli Liderimiziň aladalary netijesinde bu çäreler ýurdumyzda giň gerime eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň baş maksady adamlaryň bagtyýarlygy, abadançylygy, milletiň saglygy, beden we ruhy taýdan kämilligi hakyndaky alada bolup durýar, bu syýasata laýyklykda ýurdumyzda häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, stadionlaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygy giňden dowam edýär. Şunlukda, döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan şahsy ýörelgesi jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýan ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçin nusgalykdyr.
Ilatyň temmäki tüssesiniň, neşekeşligiň zyýany, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly meseleler boýunça alýan maglumatlaryny ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigini belläp, çärä gatnaşyjylar milletiň sagdynlygy, onuň gülläp ösmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.