Olaryň birini- otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 24 öýli 4 gatly jaýy „Daşoguzobagurluşyk“ önümçilik birleşiginiň 10-njy GGU-nyň gurluşykçylary Nowruz-2 etrapçasynda bina etdiler. 3 we 4 otagly giň we ýagty otaglaryň gurluşygynda döwrebap gurluşyk materiallary ulanylypdyr. 4 gatly ýokary amatlykly ýene bir jaý bolsa, ýerli „Atalyk gurluşyk“ şahsy kärhanasy tarapyndan Şähribossan köçesinde gurlupdyr. Jaýlaryň töweregi çagalar we sport meýdançalary bilen abadanlaşdyrylypdyr. Olar ösen düzümli ýaşaýyş jaý toplumlarynda bina edildi. Bu ýerde umumy bilim berýän we sport mekdepleridir durmuş-medeni ähmiýetli binalar bar.
Baýramçylyk äheňinde geçirilen açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, aksakallardyr ýaşlar gatnaşdylar. Has tapawurlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Bu jaýlaryň biri döwlet maýa goýumynyň, beýlekisi bolsa täze jaýa göçüp baranlaryň paýly gatnaşmagynyň hasabyna guruldy.
Ilatyň paýly gatnaşmagynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna işjeň çekilmegi ýurdumyzda hakyň ýaşaýyş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrmaga gönükdirilen uly möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berdi. Diňe welaýat merkezinde ýylda maşgalalaryň ýüzlerçesi jaý toýuny tutýarlar. Ýakyn ýyllarda şäheriň dürli künjeklerinde amatly jaýlary bilen birlikde golaýynda mekdep, çagalar bagy, saglyk merkezi, köpgatly ulag duralgalary we beýleki amatlyklary bolan köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarasy bolan iri ýaşaýyş jaý toplumy-da gurlar.