Şu ýylda Aşgabadyň gür ilatly künjeklerinde köpgatly häzirki zaman awtoduralgalarynyň on dokuzysy gurlar. Bu awtoduralgalar jemi alty müňe golaý awtomobil üçin niýetlenendir.
Häzirki wagta çenli “Berkgurluşyk”, “Guratgurluşyk”, “Medet Emir”, “Galaly göz” we beýleki gurluşyk firmalary tarapyndan 400 orunlyk duralgalaryň ikisi we 240 orunlyk duralgalaryň dördüsi bina edildi. Olar Parahat — 1, 3, 4 iri ýaşaýyş toplumlarynda, Täjir geçelgesinde, B.Kerbabaýew we M.Kösäýew köçeleriniň çatrygynda, Berkararlyk etrabynda ýerleşýär.
Ýakyn wagtda ýene-de köpgatly awtoduralgalaryň (400 orunlyk üç sany we 240 orunlyk ýedi sany) birnäçesi ulanmaga tabşyrylar. Awtoulaglar üçin niýetlenen täze binalar Parahat — 6, 7/4 ýaşaýyş toplumlarynda, şeýle hem 9-njy, 10-njy, 11-nji kiçi etrapçalarda, Gowdan “B” ýaşaýyş toplumynda, G.Ezizow köçesinde, Mary geçelgesinde, Garaşsyzlyk, “10 ýyl Abadançylyk” şaýollarynyň çatrygynda peýda bolar.
Paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümi ösdürmek boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy. Häzirki zaman awtoduralgalaryny gurmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi şäheriň çäklerinde barha artýan ulag serişdelerini ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşdirip, öýleriň ýanyndaky meýdançalaryň boşadylmagyna ýardam berer.
Aşgabadyň awtoulag goýulýan ýerleriniň maksadalaýyk giňeldilmeginiň oňyn netije berendigini şäher ýaşaýjylarynyň on müňlerçesi, esasan-da, gür ilatly ýerleriň ýaşaýjylary duýýarlar. Munuň özi olara öz awtoulaglaryny ýaşaýan öýünden uzak bolmadyk aralykda goýmaga mümkinçilik berýär.
Täze awtoduralgalaryň gurluşygynda häzirki zaman timarlaýyş we bezeg serişdeleri peýdalanyldy. Bu binalarda diňe bir şahsy ulaglary goýmak üçin amatly şertler döredilmek bilen säklenmän, awtoulaglaryň eýeleri üçin hem ähli gatlara çykmak üçin ýolagçy liftleri gurnaldy.
Awtoulag goýulýan binalar ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, olaryň maglumat tablolaryndan haýsy gatda boş orunlaryň bardygyny anyklamak bolýar. Awtoduralgalar ýangyna garşy duýduryş enjamlarynyň ulgamyna birikdirilendir. Mundan başga-da, ähli gatlarda web-kameralar oturdylandyr. Gepleşilýän enjamlaryň üsti bilen sürüji nobatçy bilen habarlaşyp biler. Käbir duralgalaryň girelgesinde awtomatik kassalar göz öňünde tutulandyr.
400 orunlyk awtoduralgalaryň birinji gatynda dükanlar ýerleşdiriler. Kiçi göwrümli duralgalarda bolsa awtoýuwujy enjamlar göz öňünde tutulandyr.