Mary welaýatynyň merkezinde Milli bahar baýramy mynasybetli we oňa gabatlanyp Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlenilmegi bilen baglanyşykly baýramçylyk dabaralary dowam etdirildi.
Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ruhyýet köşgünde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.
Bu dabaraly çäräniň bizi gözbaşlarymyza dolanyp gelmäge çagyrýan ajaýyp baýramçylyk güni türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeniýeti bolan şäherde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Asyrlaryň perdesini syryp, Gadymy Merwiň mynasyp mirasdüşeri hökmünde bu şäher täze döwürde özüne Gündogaryň ylym we medeniýet merkezi hökmündäki derejäni gaýtaryp alýar: 2012-nji ýylda ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty, 2015-nji ýylda bolsa türki dünýäniň medeni paýtagty wezipesini ýerine ýetirdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ýerde her ýyl guralýan iri möçberli çäre — Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi.
Taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de häzirki zaman medeniýetiniň ygtybarly binýady bolan döredijilik ýörelgeleriniň dowamatlylygy Türkmenistanda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine geçirilýän iri möçberli çäreleriň baş maksadydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan oňyn daşary syýasaty netijesinde hemmetaraplaýyn öwrenmek, Ýer ýüzünde milletimiziň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek, zehinli ýaşlary okatmak hem-de hünär taýdan ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, medeniýet milletiň buýsanjydyr, halkymyzyň kalbydyr, maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamydyr. Milli Liderimiz medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn wezipeleri kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe bir ykdysady babatda däl-de, eýsem, ynsanperwer babatda hem ösen döwlet hökmünde ykrar edilmegini gazanmak wezipesini öňde goýdy. Biz hemişe “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen ýörelgä eýermek bilen, medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine uly üns berýäris. Geljekde hem bu ugurdaky işleri dowam ederis. Baý milli ruhy we medeni mirasa daýanmak bilen, halkymyzyň dünýäde gurujy-halk, dörediji-halk diýlip ykrar edilmegini gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Milli ruhy-medeni gymmatlyklary hemmetaraplaýyn öwrenmek we gorap saklamak, artdyrmak jemgyýetimiziň ruhy we aň-paýhas mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugurda iri möçberli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň üns bermegi we goldawy netijesinde taryhy-medeni mirasy öwrenmek we ony gorap saklamak bilen meşgullanýan hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmen halkynyň ruhy mirasy gözüň göreji ýaly goralyp saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän, bahasyna ýetip bolmajak hazynany özünde jemleýär. Müňýyllyklaryň hakydasyny özünde jemleýän türkmen medeniýetinde hiç zat ýitirilmeýär hem-de könelmeýär, ol açyk ulgam bolup durýar. Daşarky täsirlere durnukly türkmen däp-dessurlary dünýä medeni giňişliginde ähmiýetli orun aldy.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli medeniýetimiziň çuňňur köklerine jemgyýetçiligiň ünsi çekildi, munuň özi ony has-da giňden we köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berdi. Geçen ýyl türkmen jemgyýetiniň we medeniýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik mümkinçiliklerini beýan eden möhüm wakalara, döredijilik çärelerine, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli wakalara baý boldy.
Bu çäreler halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň köpöwüşginli ugurlaryny şöhlelendirip, dürli ýaşdaky we hünärli adamlary özüne çekdi, medeniýet ulgamynyň, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan mundan beýläk-de ösmegine täze kuwwatly itergi berdi. Häzirki wagtda olaryň öňünde türkmen halkynyň baý mirasyny giňden wagyz etmek diňe bir onuň mirasdüşerleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryny dowam etdirmek wezipeleri goýuldy, şunda türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap galmak, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döretmek möhüm bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärlerini hem ýurdumyzyň beýleki raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglap hem-de olara hormatly atlary dakmak we baýraklary bermek bilen olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmelere, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetimiziň, sungatyň, edebiýatyň ösdürilmegine, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ýokary ahlaklylyk hem-de ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri ruhunda terbiýelemek, şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli mirasymyzy giňden wagyz etmek işine mynasyp goşant goşandyklaryny belledi.
Bu baýramçylyk güni Ruhyýet köşgüne ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýatynyň we şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, ýaşulular we okuwçy ýaşlar bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany, şeýle hem raýatlaryň bir toparyny pul baýraklary bilen sylaglamak hakyndaky Karary dabaraly ýagdaýda okalýar.
Şahyrlar we ýazyjylar, režissýorlar we artistler, aýdymçylar, sazandalar we kompozitorlar, žurnalistler, beýleki döredijilik işgärleri, hormatly dynç alyşdaky adamlar biri-biriniň yzyndan sahna çykýarlar, olar öz zähmetine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilýän ýadawsyz alada we özlerine berilýän aýratyn üns, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň gaýtadan dikeldilmegi hem-de ösdürilmegi, ýurdumyzda sungatyň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Milli Liderimiziň iri möçberli tutanýerli işi netijesinde häzirki wagtda zehinleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, köpugurly halkara medeni alyşmalary ýola goýmak üçin täze giňişlikleriň hem-de mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.
Ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ýaşuly nesliniň wekilleri häzirki zaman türkmen sungatynyň gözbaşynda durup, öz yhlasly zähmeti bilen ata-babalarymyzyň şöhratly medeni ýörelgelerini dowam etdirenleriň zähmetine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edýärler.
Sylaglananlaryň arasynda ýaş nesliň wekilleri hem bar, olar döredijilik ýoluna ýakynda girişen bolsalar-da, eýýäm özleriniň bu ugurda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, munuň özi nesilleriň üznüksiz dowamatlylygyny alamatlandyrýar, onuň netijesinde milli medeniýetimiz özüniň özboluşly, köpöwüşginli durkuny saklap galdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz halypaçylyk ýolunyň dowam etdirilmegine, ýaş nesli Watanymyza çäksiz söýgi, belent sarpa goýmak we wepadarlyk ruhunda terbiýelemek meselesine aýratyn üns bermek bilen, täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýän döredijilik bäsleşiklerini geçirmek baradaky başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär.
Dabaralar tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine, halkymyzyň bagtyýarlygy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn döredijilik işlerini alyp barmak hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy üçin döredilýän iň amatly şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sungatyny dabaralandyrmak, türkmen halkynyň beýik medeni mirasyny has-da baýlaşdyrmak, onuň gadymy ruhy-ahlak ýörelgelerini kämilleşdirmek üçin güýç-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de ylhamlaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.