Ï Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

view-icon 862
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda Halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Mejlisiň Kararyna laýyklykda, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni şu ýylyň 21-nji maýynda geçirmek bellenildi.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryndan başga-da, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň merkezi edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň başlanýandygyny mälim etmek meseleleri girizildi. Şunda, onuň ugurlaryna degişli wezipeler toplumyna garaldy. Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny nazara almak bilen, bu çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleriniň barşy, şol sanda Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary baradaky saýlaw okruglaryny döretmek, Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň halk maslahatynyň agzalarynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesiniň Geňeşleriniň agzalarynyň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Pürnüwar geňeşliginiň, Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy geňeşliginiň, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşliginiň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw okruglaryny, şeýle hem okruglaryň, şäherçeleriň we Geňeşlikleriň saýlaw toparlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleri hakyndaky maglumatlar diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esaslaryny üpjün etmegi, ilat arasynda degişli düşündiriş işlerini geçirmegi öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlediler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we mejlise gatnaşyjylaryň hemmesi öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ygtybarly binýady bolup durýan demokratik esaslary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, saýlaw möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Mejlisiň dowamynda gelip gowşan maglumatlar we saýlawlary geçirmek baradaky geljekki wezipeler nazara alnyp, başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.