Täze önümleriň arasynda damarlaryň warikoz giňelmesinden ejir çekýänler üçin gysby joraplaryň iki görnüşi, dyzdaňylar we damar bilen injigi birikdirýän boguny saklamak üçin daňylar bar. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleriň ilkinji tapgyry bejeriş edaralaryna we dermanhanalara ugradyldy.
Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana demirgazyk sebitde 2014-nji ýylda Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guruldy.Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň ady belli kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ýylda dürli görnüşli zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleriniň 13 million gabyny öndürmäge we ýurduň bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralarynyň we ilatynyň ýokary hilli ýerli lukmançylyk önümlerine islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda saglyk ulgamynda döwlet baştutanynyň işläp taýýarlan toplumlaýyn döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde täze bejeriş, kesel anyklaýyş we saglygy dikeldiş edaralaryny, şeýle hem lukmançylyk ähmiýetli dürli önümleri öndürýän innowasion kärhanalary öz içine alýan saglygy goraýşyň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän düzümleri döredilýär. Diňe Daşoguz welaýatynda soňky ýyllarda öz mineral suw çeşmesi bolan we sagaldyş hem-de keselleriň öňüni alyş çärelerini teklip edýän sanatoriý, gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, mümkinçiligi çäkli çagalr üçin täze dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy, obalaryň birnäçesinde Saglyk öýleri guruldy.