Ï Paýtagtymyzyň «Parahat -7/4» ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary täze jaýa göçüp bardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň «Parahat -7/4» ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary täze jaýa göçüp bardylar

view-icon 2306
Türkmen bedewiniň baýramynyň öňisyrasynda «Parahat-7/4» etrapçasynda ýokary amatlykly 9 gatly köp öýli: biri 54, beýleki üçüsi 36 öýli jaýlaryň dördüsi, şeýle hem 160 çaga niýetlenen çagalar bagy ulanmaga berildi. Täze binalay döwlete dahylsyz „Bereketli jaý“ we „Çeper gurluşyk“ gurluşyk kärhanalary bina etdiler.

Ýokary amatlykly täze ýaşaýyş jaý toplumlaryna eýýäm aşgabatly maşgalalaryň 1000-den göwragy göçüp bardy. Ýakyn wagtda köp öýli belent jaýlaryň ýene altysy, 600 orunlyk mekdep we çagalar bagy ulanmaga berler.


Türkmen paýtagtynyň günorta-gündogarynda kemala gelýän iri „Parahat-7“ ýaşaýy jaý toplumynyň gerimi çalt ösýär. Gurluşyk kompaniýalary 9 gatly jaýlaryň 60-syny, hersi 160 orunlyk çagalar baglarynyň 6-syny, jemi 2400 orunlyk umumy bilim berýän mekdepleriň 4-sini, Saglyk öýlerini, ulag duralgalaryny bina edýärler. Öýleriň gapdalyndaky ýerlerde maşgala dabaralary we sadaka etmek üçin jaýlar göz öňünde tutulan, çagalar we sport meýdançalary enjamlaşdyrylan, ulag duralgalary gurlan.

Pýatagtymyzy gurmagyň baş meýilnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň günorta-günbatarynda, şeýle hem Çoganlyda, Köşüde we paýtagtyň Ruhabat etrabynda ýokary amatlykly jaýlar bina edilýär.