Ï Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde tanymal seýisler we çapyksuwarlar bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde tanymal seýisler we çapyksuwarlar bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 825
„Türkmen atlary“ Döwlet birleşiginiň işgärleri, Oba we suw hojalyk ministrliginiň ahal-teke bedewlerini ýetişdirýän bölümleriniň wekilleri paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, mugallymlary we talyplary bilen duşuşyga geldiler.

Oňa Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyza ülkämiziň çar künjeginden gelen seýislerdir hususy at eýeleri çagyryldy. Hormatly myhmanlaryň arasynda ahal-teke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi, Türkmenistanyň halk nakgaşy, haly nakgaşy Ada Gutlyýew, şeýle hem golaýda „Türkmenistanyň at gazanan atşynasy“ diýen hormatly ada mynasyp bolan Ahal-teke atçylyk toplumynyň „Galkynyş“ toparynyň ýolbaşçysy hem seýis Pygy Baýramdurdyýew bar.

Duşuşykda Türkmenistanda atçylygy ösdürmek barada anyk gürrüň edildi. Ahal-teke bedewleriniň arassa ganlylygny saklap galmak, seçgi-tohumçylyk işlerini, şeýle hem atlara weterinar hyzmaty kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler munuň üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilenligini bellediler.

Bäş ýyl mundan ozal weterinariýany we zootehnikany halkara derejesine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Döwlet weterinariýa gullugy döredildi. Milletiň Lideriniň Permany bilen Döwlet weterinariýa gullugynyň işini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. 2014-nji ýylda „Weterinariýa işi hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýurdumyz Halkara epizootiki býurosy (HEB) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy, onuň baha bermegi netijesinde Türkmenistan atlaryň kesilinden azat zolak diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan Merkezi Aziýada şeýle derejä mynasyp bolan we HEB-iň degişli ygtyýarnamasy bilen tassyklanan ýeke-täk döwletdir, bu resminama ahal-teke atşynaslygynyň Halkara birleşigniň VII mejlisinde döwlet baştutanymyza gowşuryldy.

Çäräniň guramaçylary ýerli ippologlary, atşynaslary we seýisleri hünär baýramy bilen gutladylar, olara gadymy we özboluşly tohum atlary saklap galmak boýunça uly hem-de möhüm işlerinde, ahal-teke bedewleri baradaky ylym-bilimleri wagyz etmekde mundan beýlägem üstünlikler , çapyksuwarlara şowly çykyşlardyr ýeňişler, türkmen konkurçylaryna Aziada-2017-de şowly çykyş arzuw etdiler, türkmen lideriniň başlangyjy bilen sportuň bu gyzykly görnüşi geljekki Oýunlaryň maksatnamasyna goşuldy.