Ï Paýtagtyň demirgazygynda-Çoganlyda iri kottej şäherçesi kemala gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň demirgazygynda-Çoganlyda iri kottej şäherçesi kemala gelýär

view-icon 787
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalary kottej görnüşli iki gat ýaşaýyş jaýlarynyň 332-sini bina edýärler. 70 gektar ýerde ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän özboluşly binalaryň diwarlary galdyryldy.Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan we ýokary amatlykly täze jaýlar ekologiýa howpsuzlygy, özbaşdaklygy we berkligi bilen sazlaşýar. Jaýlaryň gurluşygynyň içki bezeginde esasan ýerli gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Iri şäher gurluşyk taslamasy býujet serişdeleri çekilmezden durmuşa geçirilýär. Telekeçilerdir hojalyk jemgyýetleri şu jaýlaryň gurluşygyna tabýyryk berenler we oňa paýly gatnaşyjylardyr.

Daşyndan gelşikli kottejleriň üçegi demir çerepisadan bolup, monolit diwarlary blok kerpiçlerden gurlandyr, olaryň suwagynda çyga durnukly we gyzgynlyk geçirmeýän fibrosement ulanylypdyr. Olaryň ýaşalýan otaglary tutuşlaýyn özbaşdakdyr—utgaşdyrylan ýyladyjylar öýleri ýylatmak we durmuş hajatlary üçin gyzgyn suw berýär, WRV split-ulgamlary, gaz we elektrik hem-de beýleki enjamlar bilen üpjün edilendir, IPI ulgamy arkaly telewideniýä, internete we telefona birikdirilendir.

Kottejler toplumynda jaýlaryň üç görnüşi—umumy meýdany 315 we 305 inedördül metr jaýlar, şeýle hem hersi 289 inedördül metr iki maşgala niýetlenen iki gat jaýlar ýerleşýär.315 inedördül metr jaýlaryň birinji gatynda giň zal, myhmanhana,iki sany geçelge, ýaşaýyş otagy, aşhana, ammar we durmuş hajatly enjamlar otagy bar. Ikinji gatynda giň zal, ýataknahalaryň dördüsi, tomusky eýwan we durmuş hajatly enjamlar otagy ýerleşýär. Meýdany azrak jaýlaryň ikinji gatynda ýatakhanalaryň üçüsi bar.

Her jaýyň öňündäki 0,6 ga ýerde bagjagaz bar, ulag goýar ýaly meýdançada göz öňünde tutulan.

Ýokary amatlykly jaýlaryň gurluşygy döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan uly möçberli özgertmeleriniň möhüm böleginiň birirdir. Paýtagtymyzda ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrlylan belent jaýlar bilen birlikde kottej jaýlaryň gurluşygy-da ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Diňe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk firmalarynyň gatnaşmagynda şäher gurluşygynyň 15-nji tapgyry alnyp barylýan paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda, şeýle hem demirgazyk bölegindäki Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň 500-den gowray gurulýar. Şäher häkimliginiň gurluşyk edaralary hem demir-beton panellerden kottejleriň 200-den gowragyny bina ederler.

Köpgatly jaýlar bilen bir hatarda kottejleriň gurulmagy raýatlara döwrebap talaplara hem, olaryň isleglerine görä-de jaý saýlamaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde berilýän karz pullary şäherdir oba ilatyna ýaşaýyş jaýlaryny elýeterli edýär. Şonuň netijesinde we ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmagy her ýyl aşgabatly maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýlara göçüp barmaga mümkinçilik berýär.