Daşky gurşawy goramagyň bünindünýä gününe bagyşlanan çäräni Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi bilen Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurnadylar. Kärdeşler arkalaşygynyň mili merkeziniň agrosenagat toplumy işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň esasy hünärmeni Gunça Garaýewanyň belleýşi ýaly, kärinde ýokary netijeler gazanan we ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan adamlaryň zähmetine baha bermek asylly däbe öwrüldi.
Ahal welaýat tebigaty goramak müdirliginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak bölüminiň başlygy Mekan Annadurdyýew şolaryň biri. Ol bzizň bilen söhbetdeşlikde tomus aýlarynyň ekologlar üçin jogapkärli döwürdigini belledi. Öňde müňlerçe gektar emeli tokaý baglaryny döräp biläýjek ýangyndan goramak boýunça uly möçberli işler bar. Munuň üçin IIM-iň Ýangyna garşy göreş müdirýeti we beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde öňüni alyş biotehniki çäreler amala aşyrylýar. Müdirýetiň inspektorlary Badhyzda pisse ýygylşyna gözegçilik edýär, toýnakly haýwanlaryň sanyny hasaba alýarlar we Köpetdagda görnüş köpdürliligine gözeçilik edýärler, köp sanly howdanlarda, şol sanda „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň zeýkeşlerinde we howdanlarynda gyşlaýan guşlara gözegçilik edýärler, Sünt-Hasardagda ösümlikleriň medeni aslynyň ýabany kysymdaşlarynyň görnüşlerini goraýarlar.
Durdymuhammet Hommadow ýerden peýdalanmak ulgamynda kyrk ýyl töweregi zähmet çekip gelýär. Häzirki wagtda ol ýerlere gözegçilik boýunça inspeksiýa bölüminiň başlygy bolup işleýär, onuň işgärleri ýer serişdelerini goramak, olardan ylmy esasda peýdalanmak, ýer kanunçylygnyň ýerine ýetirilişine gözegçilik boýunça işleri utgaşdyrýarlar. Durdymuhammediň belleýşi ýaly, inspeksiýa ýerden peýdalanylyşyna gözegçilik edýän onlarça guramalar, edaralar we döwlet edaralary bilen bilelikde iş alyp barýar. Olar agrosenagat toplumynyň edaralary, şol sanda atçylyk, maldarçylyk, ösümlik edaralarydyr. Bilelikdäki tagallalar bilen ýerleriň maksatlaýyn ulanmak we hojalyk işleri meseleleri çözülýär.Rejelilik we jogapkärçilik bu işiň esasy ugurlarydyr. Ekologiýa syýasaty özboluşly türkmen çal toprakly ýerleri, Garagumyň öri meýdanlaryny, suwarymly ýerleri, dag eteginiň we çölleriň tarp ýerlerini gorap saklamaga gönükdirilendir.
Gülnar Kulyýewa Daşky gurşawy goramak müdirliginiň döwlet ekologiýa ekspertizasy bölüminiň baş hünärmeni. Ol senagat we durmuş-raýat ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň hem-de durkunyň täzelenmeginiň taslamalarynyň tebigaty goramak kanunlarynyň laýyk gelşine seljerme berýär. Tebigaty goramak çäreleri telekeçilik meýilnamalarynyň we kärhanalary ösdürmegiň strategiýasynyň hökmany bölegidir. Ekologiýa gözegçiligi boýunça inspektorlar zawod-fabriklere baryp, ekologiýa gözegçiligini amala aşyrýarlar we tebigaty goramak jähtinden önümçiligi döwrebaplaşdyrmakda maslahatlar berýärler.
Duşuşyga çagyrylan Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr alymlary biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmäge garşy göreş, suw meselesi, Tokaý milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ýaly tebigaty goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada çykyş etdiler. Duşuşykda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň çäklerindäki ekologiýa çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistan oňa 2019-njy ýyla çenli başlyklyk edýär.