Ï „Alym-zenanlar“ milli bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Alym-zenanlar“ milli bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 1235
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda sylag gowşurmak dabarasy boldy. Ilkinji gezek geçirilýän bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna Türkmenistanyň YA-nyň düzüminde işleýän zenanlaryň altysy gatnaşdy.

Häzirki wagtda ylym ulgamynda zenanlaryň müňlerçesi işläp, olar ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokary göterýärler. Zenanlar birleşiginiň Alym-zenanlar klubyny döretmek we bäsleşik geçirmek baradaky teklibi olarda ýurduň innowasion we önümçilik kuwwatyny ardyrmagyna höwes döretdi--diýip, çykyş edenler bellediler.


Innowasiýalar bäsleşigine ylmy barlaglary möhümligi we täzeçilligi bilen tapawutlanýan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşige aýallaryň jemi otuza golaýy isleg bildirdi. Abraýly emin agzalary gysgaça tanyşdyrylyş bilen çykyş edenleriň altysyny saýlap aldy.

Taryh institutynyň uly ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa ömrüni Türkmenistanyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmäge bagyş etdi. Gün energiýasy institutynyň uly ylmy işgäri Walentina Sarkisowa nanomateriallar babatda ylmy iş alyp barsa, Jeren Aşyrmuhammedowa Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkezinde maglumatlar tehnologiýasy ulgamynda işleýär. Tehnologiýalar merkezindäki laboratoriýa Jeren Sylapowanyň ýolbaşçylygynda materiallary işläp taýýarlamak we olary kämilleşdirmek meselesi bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol senagat, gurluşyk, lukmançylyk we hyzmatlar ulgamynyň ösüşini kesgitleýän möhüm ugurdyr. Aýna Ataýewa Tehnologiýalar merkezinde derman senagatynda biotehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen meşgulanýar.


Birinji orun Nurgözel Bäşimowa berildi. Bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna gatnaşanlaryň hemmesine gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň guramaçysy--Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Zenanlar birleşiginde bäsleşigiň ýaş alym-zenanlaryň ylmy zehinini we erjelligini höweslendirjekdigini bellediler. Geljekde bäsleşige diňe bir Türkmenistanyň YA-nyň işgärlerini däl, eýsem ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň işgärlerini-de çekmek göz öňünde tutulýar.