Paýtagtymyzyň demirgazygyda Aşgabat- Daşoguz şäherara awtomagistralynyň ugrunda iri kottej toplumy kemala geldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan gurluşyk kompaniýalary 70 gektar ýerde ki gat kottejleriň 332-sini bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň amatlylgy we otaglarynyň ýerleşişiniň gowulygy ekologiýalylygy hem-de berkligi bilen sazlaşýar. Onuň gurluşygynda esasan ýerli gurluşyk serişdeleri we daşary ýurtlaryň belli önüm öndürijileriniň önümleri ulanyldy.
Kottejleriň daş keşbi owadandyr, üçegi demir çerepisadan, diwarlary blok kerpiçden, bezegleri çyga durnukly we gyzgynlyk geçirmeýän fibrosementdendir. Olar durşuna özbaşdakdyr: özbaşdak ýyladyjyly, gyzgyn suw berilýär, otaglary şemallaşdyryjylaryň WRV ulgamy, zerur gaz we elektrik enjamlary, durmuş üçin gerekli beýleki zatlar bilen üpjün edilen IPI ulgamy arkaly telewideniýe, internet, telefon birikdirilen.
Täze toplumda jaýlaryň üç görnüşi: umumy meýdany 315 we 305, şeýle hemhersi 289 inedördül metrlik iki maşgala niýetlenen goşa iki gat jaýlar bar. Her jaýyň töwereginde 0,6 gektar mellek bolup, onda bag we awtomobil goýar ýaly ýer göz öňünde tutulan.