Ï Paýtagtymyzyň günbataryndaky iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gerimi giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň günbataryndaky iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gerimi giňeýär

view-icon 1471
Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda türkmen paýtagtynyň görki özgerýär, onuň çägi giňeýär. Şäher gurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýol-ulag we dynç alyş düzümleri kämilleşdirilýär, ekologiýa taýdan oňaýly zolaklar döreilýär.

Paýtagtymyzyň günbatarynda aşgabatly maşgalalaryň 2260-syna niýetlenen iri ýaşaýyş jaý toplumy kemala geldi. Jaýlar Görogly we Gurbansoltan eje köçeleriniň arasynda hem-deTaslama köçesiniň günbatarynda bina edilýär. Bu ýerde onlarça gektar ýerde ak mermere bürenen dört gatly jaýlaryň 60-sy guruldy.

Täze etrapçany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileri birleşmesiniň kompaniýalary býujet serişdelerini çekmezden paýýly gurluşyk esasynda gurýarlar.

Jaýlaryň 46-sy 40 öýli bäş girelgeli jaýlardyr. 30 öýli 14 jaýyň birinji gatynda dükanlardyr hyzmat ediş kärhanalary ýerleşýär. Paýtagtymyzyň gurluşygynda dört gatly jaýlarda ilkinji gezek liftler oturdyldy.

Täze jaýlar gurluşyk täzelikleri, ýaşaýyş jaýlarynyň amatly ýerleşişi, ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýar. Her jaýda umumy meýdany 100 inedördül metr iki otagly, 124-130 inedördül metr üç otagly, 147-150 inedördül metr dört otagly jaýlar bar. Jaýlaryň daşky örtüginde ýanmaýan we oňaýly keramogranit we alkopon ulanyldy.

WRV ulgamy öýlerde amatly howa şertlerini döreder. Telewideniýe kanallary IPI ulgamy arkaly görkeziler. Paýçylaryň teklipleri göz öňünde tutulyp jaýlaryň gapdalky böleginde ýerzeminler göz öňünde tutulan, olary fitnes-zallar, ussahanalar we ş.m. üçin ulansa bolar.

„Ojak“ kompaniýasynyň taýýarlan ýedi bölekden ybarat kwartal görnüşindäki binagärlik toplumy töweregi abadanlaşdyrylan dört gat jaýlaryň sekizisinden ybaratdyr. Jaýlaryň arasynda pyýadalar üçin ýodalar, sport we çagalar meýdançalary gurlan, maşgala dabaralary we sadaka etmek, awtoularlar üçin ýer bölünen.

Taze toplumda söwda merkezi gurlan, Aşgabat şäher häkimliginiň gurluşyk edaralary Medeniýet we saglyk öýlerini, umumy bilim berýän mekdepleriň ikisini, çagalar baglarynyň ikisini, sport toplumlaryny, hyzmat ediş binalaryny gurarlar. Ýakyn wagtda bu ýere ilkinji ýaşaýjylar göçüp gelerler.