Ï Oba ýerlerini suw bilen üpjün etmegiň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba ýerlerini suw bilen üpjün etmegiň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

view-icon 801
Köneürgenç etrabynda bina edilýän täze döwrebap şäherçe gowy hilli agyz suwy bilen üpjün ediler. „Ýüpek ýoly gurluşyk“ Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda bu ýerde suw üpjünçiliginiň giňişleýin ulgamyny kemala getirýärler. Turbalaryň jemi on bäş kilometri goýuldy. Esasy suw akdyryja çatmak üçin iki ýarym kilometrden gowrak turba goýuldy. Köneürgenç etrabynda gurlan döwrebap kärhana täze şäherçäni ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.

Häzir wagtda ýurdumyzda alysdaky obalaryň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär, olar suw üpjünçiligniň düzümini ösdürmegi, innowasion tehnologiýalaryň özleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Täze kärhanalar, suw hojalygynyň dürli binalary gurulýar, suw geçirijileriň ýüzlerçe kilometri çekilýär, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär we dörebap talaplara laýyk getirilýär.

Daşoguz welaýatynyň diňe Köneürgenç etrabynda birnäçe ýyl mundan ozal ýokary hilli agyz suwuny öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhana guruldy, şu ýyl bolsa gerekli möçberde etrabyň suw geçiriji ulgamyna suw bermek üçin gije-gündizde 27 müň kub metr suw alýan skwažina ulanmaga berildi. Onuň düzümide suw çykarýan skwažinalaryň onlarçasy, nasos stansiýasy, hersi 2600 kub metrlik suw saklaýjylaryň ikisi, edara binasy, laboratoriýa, ussahana, iki sany toplumlaýyn transformator stansiýasy we beýleki kömekçi binalar bar.