Ï „Umytlar adasy“ idegsiz itleriň we pişikleriň öýi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Umytlar adasy“ idegsiz itleriň we pişikleriň öýi bolar

view-icon 3194
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
„Umytlar adasy“  idegsiz itleriň  we pişikleriň öýi bolar
Şeýle bir rowaýat bar. Siwilizasiýanyň başlan döwri adam ýabany haýwanlary eldekileşdirip ugranda, ite ýalakda nahar beripdir. It: „Öz naharyny meniň bilen paýlaşýan bolsa, ol meni nähili söýýän ekeni“-diýip oýlanypdyr. Adam pişigiň öňünde naharly gap goýanda, ol: „Meniň bilen naharyny paýlaşýan bolsa, men oňa gereklidirin“-diýip, pikir edipdir.

Adam bu haýwanlaryň ýüregine ýol tapyp, olary öz ýanyna -pişigi öýüne, iti howlusyna alypdyr. Olaryň hersi öz işini edipdir-pişik syçanlary tutupdyr, it öýüni gorapdyr. Gadym döwürlerden bäri hem pişikdir it adamyň wepaly dostuna öwrülipdir.

Ondan bäri köp zat özgeripdir, adamlar käte wajyp ýörelgäni ýatdan çykarypdyrlar: biz öz eldekileşdiren haýwanlarymyza jogapkärdiris. Adamlar dürli sebäplere görä, öý jandarlaryny taşlap, olary öýsüz-owzarsyz goýýarlar.

Taşlanan itiň gözlerine baksaňyz, onuň juda ejir çekýänligini görersiňiz. Onsoňam psihologik şikest, hemişe aç gezmegi, sanitar bejerişiň bolmazlygy keselleriň döremegine getirýär, ol „sergezdan“ haýwanlaryň birinden beýlekisine geçip ýaýraýar.

Köçelerdäki idegsiz haýwanlar bir şäheriň we bir ýurduň meselesi däl. Aramyzda wagtyny we serişdesini gaýgyrman şeýle bela uçran jandarlara kömek edýän adamlaryň barlygam gowy zat.

Türkmenistanda golaýda resmi taýdan hasaba alnan „Umytlar adasy“ atly ilkinji idegsiz haýwanlaryň penasynyň ýolbaşçysy Tatýana Galberg hem şolaryň biri. Onuň paýtagtymyzyň etegidäki Änewdäki ýazlagynda häzirki wagtda 100-den gowrak it we 50-ä golaý pişik bar. Tatýana, onuň adamsy Nikolaý we gyzlary-Ira we Katýa olara ideg-yssywat edýärler.

-Tanýa, siziň alyp barýan işiňiz jogapkärli hem güzaply iş. Näme üçin bu ýoly saýladyňyz?

-Kakam „Gün“ YÖB-de işleýärdi, ol tomus aýalry bizi işgärleriň şäherçesine äkiderdi. Bir gezek joram ikimiz kör pişijek alyp geldik. Onuň üçin biz ene pişik tapdyk, ýöne ol pişijegi emdirmedi. Onsoň biz oňa al saldyk--oňa şöhlat berip başladyk. Ene pişik ony iýýänçä pişijek ony emip ýetişýärdi. Şeýdibem ony ulaltdyk. Öýmüze gaýdamyzda ony ýanyma alypdym.

Hywaly Babaýew köçesinde ýaşaýardyk, öýde towukdyr towşan saklaýardyk.Çagalygymdan kömege mätäç jandarlary-höwürtgeşinden gaçan guşjagazlary, azaşayp ýören pişijekleri öýe getirerdim. Wagtyň geçmegi bilen tanş-u-nätanyş adamlar biziň olary aljagymyzy bilip, güjüjikleri we pişijekleri getirýärdiler. Itleriň sany köpelensoň Çoganlydaky ýazlagymyza göçdük.

Maňa adamym bilen gyzlarym kömekleşýär. Ira weterinar bolmagy arzuw edýär, Katýa bolsa, biologiýa gyzyklanýar. Olara maşgalamyzda haýwanlary gowy görýänligimiz täsir eden bolmagy. Biz idegsiz haýwanlarymyz üçin özümizi jogapkär duýýarys, ýöne biziň ahyrky maksadymyz- olaryň täze eýesiniň bolmagy. Jandarlaymyzyň sany barha köpelensoň biz Änewde ýazlagy kärendesine almaly we olary şo taýa geçirmeli bolduk, ýöne ýagdaýymyz sekiz aýa ýetdi. Garaşman durkak kömek geläýdi, iki sany gyz pul goşup, bize ýazlak satyn aldylar.

Köplenç idegsiz haýwanlara ideg edenimizde kimdir biriniň günäsini ýa-da biperwaýlygyny düzetmeli bolýarys, ýöne päk ýürekli adamlaryň näçesine duşanymyzy bilsediňiz. Pursatdan peýdalanyp, bize kömek edenleriň ählisine, ozaly bilen bize ýazlag satyn alan gyzlara, biziň haýwanlarymyzy mugtuna bejerýän weterinar Jennet Nurmuhammedowa minnetdarlyk bildirýäris.

-Siziň maşgalaňyz diňe bir idegsiz haýwanlara kömek etmän, eýsem adamlara öz gowy häsiýetlerini görkezmäge-de mümkinçilik beýär...

-Men bu barada pikirem edemok, diňe bir haýwanlara däl, eýsem adamlara-da peýda getirýänimiz- dogry. Penamyza idegsiz, ýitirilen haýwanalr düşýär. Bir gezek bize öň aýagy kesilen ideglije çypar güjüjek getirdiler. Men Internetde „Üç aýak Çyparja tapyldy, penada eýesine sabyrsyz garaşýar, 866471501 belgä jaň etmegiňizi haýyş edýäris“-diýip bildiriş berdik. Onuň eýesiniň tanyşlarynyň biri bildirişi göräýipdir...Üç aýdan soň olar duşuşanda bagtyýardylar- çünki itiň sýýşi ýaly hiç haýwan söýüp bilýän däldir.

Öňňül fewral aýynda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň biriniň ýaşaýjylary ol ýerde transformator nokadynyň astynda çalajan güjüjikleriň 7-siniň ýatanlygyny habar berdiler. Olaryň enesini tutuş öý bolup naharlaýan ekenler, ýöne ol bir ýerlere ýitirim bolupdyr. 6 köpejik we birje ganjyjagy sygyr süýdi, ýumurtganyň sarsy we ary bal bilen nahrladyk. Owadanja köpejikleriň suratyny Internete goýanymyzdan olara eýe çykdylar, ýöne beýlekisi galypdy. Mart aýynyň ortasynda bir gyz bize jaň edip: „Men 2-nji fewralda doguldym, enesiz galan güjüjiklerem şol gün doglan eken, şonuň üçinem ony almakçy“-diýdi. Işimizde şeýle ýakymly pursatlar hemişe gabat gelýär.

Emma işimizde başga mesele-de bar- nýagny maddy ýagdaýymyz. Itleri nahrlamak üçin 100 litrlik gazan satyn aldyk. Olary naharlamak üçin her gün towuk iç- goşlaryndan üwmeç we ýarmalary satyn almak üçin Teke bazara gitmeli bolýarys. Oňa az pul çykanok, onsoň pişikleriň naharyna-da, sanjymlara-da pul gerek...

Golaýda suw meselesi ýüze çykdy: guýymyz gurady. Internetden kömek soradyk Tapylan işgärler derrew skwažina gurdylar, suw sorujy goýdylar, olaryň iş hakyny meýletin kömekçilerimiz tölediler.

-Tanyşlarym size maddy kömek bermekçi, ýöne nätmelidigini bilmeýärler.

-Ozal bütin dünýäde edilişi ýaly biziň 866471501 belgili ykjam telefonymza geçirýärdiler, bizem ony nagt görnüşde alýardyk.

Indi biz şahsy kärhana hökmünde hasaba alnan, biziň „Senagat“ Paýdarlar telekeçilik bankynda 23202934170668809071000 hasabymyz bar. Biz meýletinlik işimiziň döwlet we telekeçilik gurluşlary goldalýandygyna, olar sanjymlar we haýwanlara ideg serişdeleri, olara iýmit we olary saklamaga jaý gurmaga kömek etmäge taýýardygyna begenýäris.

Telekeçi hökmünde biz pul gazanmaly, şonuň üçinem geljekde iş saparyna ýa-da dynç almaga gidýänleriň itini we pişigini saklar ýaly myhmanhana gurmagy göz öňünde tutýarys. Şeýle hem kinolog işlär ýaly türgenleşik meýdançasyny, weterinar kömegi otagyny açmakçy.

Biz meýletin kömekçilerimize, göwnaçyk, rehimdar adamlara, maslahat we maddy kömek berenlere minnetdarlyk bildirýäris. Bize ýardam etmekleri meseleleriň bilelikde çözülýändigini we adamlaryň uzak pikirlenmän kömege gelýän jemgyýetimiziň açyklygyna we ynsanperwerligine şaýatlyk edýär.