Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ylmy işiniň 9-njy jilti bilen tanyşdyrylyş boldy.
Ajap bezelen ylmy-magaryf neşiri okyjylar köpçüligine niýetlenilip, täze, 2017-2018-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat boldy.
Dabara saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri, alymlar, mugallymalr we talyplar, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Täze neşirde Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsiniň wekilleriniň 109-synyň kesel bejeriş sypatlary beýan edilipdir. Onuň birinji babynda olaryň ösýän ýerleri, daşky görnüşi, ösüş şertleri, biologik aýratynlyklary, himiki düzümi, olaryň tebygatda gabat gelşi we ulanylyş usullary beýan edilýär.
Beýleki iki baplarda ösümlikleriň dermanlyk sypatlary beýan edilýär we olary ulanmak boýunça maslahatlar bar. Ensiklopediýanyň beýleki jiltlerinde bolşy ýaly, onda hem ösümlikleriň rusça-latynça-türkmençe sözlügi, olary ýygnamagyň amatly wagty, saklamak möhleti we şertleri barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.