Ï “Çeper” tikinçilik fabriginde 2018-nji ýylyň nyşany bolan täze önümler çykarylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Çeper” tikinçilik fabriginde 2018-nji ýylyň nyşany bolan täze önümler çykarylýar

view-icon 2477
Daşoguzyň “Çeper” tikinçilik fabriginde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylyň nyşany bolan sport egin-eşikleri çykarylyp başlandy. Ýurdumyzda öndürilýän matalardan tikilýän eşikleriň birnäçe görnüşi teklip edilip, olar alyjylar bazarynda islegli haryda öwrüldi. Fabrigiň şu ýyl köpçülikleýin önümçilige goýberen täze önümleriniň arasynda çagalaryň pižamalary, şeýle hem gyzjagazlar üçin sarafanlardyr köýnejikler bar.

Şu günler döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhanada segsene golaý görnüşli önüm öndürilýär. Olaryň arasynda çagalar we ulular üçin eşikler, ýorgan-düşek daşlyklary we hojalykda ulanylýan dokma önümleri bar. Netijeli marketing strategiýasy kärhana durnukly girdeji getirýär. Mysal üçin, geçen ýyl bu ýerde 6 million manatlykdan gowrak haryt öndürilen bolsa, şu ýylyň birinji aýynda 340 müň manatlykdan köpräk dürli önüm çykaryldy.