Ï Daşoguzda hususy kompaniýalar şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda hususy kompaniýalar şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar

view-icon 3237
Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda dört gatly köp öýli jaýlaryň üçüsi gurulýar. Olaryň ikisini “Atalyk gurluşyk” şahsy kärhanasynyň, üçünjisini “Daş ussat” hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurýarlar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap ýaşaýyş jaýy geljekde bu öýde ýaşajaklaryň paýynyň hasabyna gurulýar.

Täze jaýlarda amatly ýaşaýyş üçin ähli şertler döredilen. Üç otagly öýüň umumy meýdany 175 inedördül metr bolsa, dört otaglysynyňky-- 200 inedördül metrden gowrakdyr. Onda ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa gurluşyk we bezeg materiallary, şeýle hem tehnologik innowasiýalar ulanylar. Ýaşaýyş jaýlar toplumy şäheriň ösen durmuş-dynç alyş düzümli böleginde gurulýar.

Demirgazyk sebitiň administratiw merkezinde oňaýly jaýlaryň gurluşygy işjeň alnyp barylýar. Olar döwlet serişdeleriniň, şeýle hem maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Sebitiň gurluşyk bazaryna ýerli hususy kompaniýalaryň giňden çekilmegi ýaşaýyş jaý gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Häzirki wagtda welaýat merkezinde köp otagly jaýlaryň ençemesi bina edilýär. Olaryň arasynda “Aga gurluşyk” şahsy kärhanasy, şeýle hem bu ugurda özüni gowy tanadan “Gölli baý”, “Körpe gurluşyk”, “Sekiz ýyldyz” kompaniýalry has-da işjeňlik görkezýärler.

Hususy gurluşyk düzümleri köp otagly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy, mekdep, çagalar bagy, Saglyk öýi, köpgatly ulag duralgaly, beýleki zerur durmuş-medeni we tehniki ähmiýetli iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna-da çekiler.