Paýtatymyzyň günbatarynda işewürlik, söwda we dynç alyş merkezi bolan binalar toplumy gurlar, täze desgalar Köpetdagyň eteginiň baýyrlarynyň özboluşly landşafty bilen sazlaşykly utgaşýar.
Binagärlik taslamasynda çeperçilik-gurluşly üýtgeşik usul ulanyldy. Binanyň taslamasy nal görnüşde bolup, dürli gatly birnäçe bölekden ybaratdyr. Onuň daşky milli bezegi şäher gurluşygynyň iň täze ugurlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Zemin üsti gaýyp ýören kysmy toplumyň köp gatly gurluşy ony bu gözel ýere görk berýän kümüş dür düzümine meňzedýär.
Binanyň daşyna ýokary hilli ak mermer, käýerlerde kümüşsow kompozit serişdeler, aşaky bölegine bolsa, ýylmanylan granit goýlar. Toplumyň içki böleginde döwrebap dizaýnerçilik tilsimleri, özboluşly giňuşlik çözgütleri we milli usullar sazlaşdyrylar.
Nal şekilli binanyň esasy böleginde 8-10-12 gatly işewürlik merkezi ýerleşer. Onuň iki gapdalyndaky 5 gatly bölekleriniň birinde söwda, beýlekisinde – medeni- dynç alyş merkezi bolar. Ulag we pyýada akymlarynyň ikinji gata geçirilmegi taslamanyň özboluşly aýratynlygydyr, ol bu ýeri esasy bölegi duralgalardyr ammarlar bolan tehniki zolakdan aýrybalaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Onuň golaýyndaky ýerde üsti ýapyk ulag duralgalary göz öňünde tutulan, içerki böleginde özboluşly landşaft gurluşly, owadan çüwdürimli, amfiteatrly we üsti açyk kafeler bolan dynç alyş zolagy kemala geler. Bu ýerde gülýaka şekilli pawilýon gurlup, onuň içinde gyşky bag we çagalar üçin oýunlar meýdançasy ýerleşer. Baş meýilnama laýyklykda, işewürlik toplumyna köpgatly ýollar barar. Şonda-da ulaglar esasan Seýdi köçesinden gelerler.