20 ýyl mundan ozal “Gospitaliýa Internasional GmbX” kompaniýasy Siemens AG kompaniýasy bilen bilelikde ýurdumyzda ilkinji taslmany durmuşa geçirdi—Aşgabatdaky Halkara kardiologiýa merkezini lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etdi. Şu ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň hünärmenleri Kardiologiýa merkeziniň işgärlerine enjamlara hyzmat etmäge hemmetaraplaýyn kömek berdiler, birnäçe ýyl mundan ozal merkeziň durky täzelenende ony iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrdylar.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary bina edilen lukmançylyk edaralarynyň aglabasy “Gospitaliýa Internasional GmbX” kompaniýasynyň gatnaşmagynda enjamlaşdyryldy. Kardiologiýa merkezinden soň 2000-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tabşyrygy bilen iç keseller Merkezi işe girizildi.
Şondan bir ýyl soň “Gospitaliýa Internasional GmbX” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Goranmak ministrliginiň köpugurly gospitalynda zerur enjamlar oturdyldy. Kompaniýa Aşgabatdaky, Marydaky, Daşoguzdaky, Balkanabatdaky we Türkmenabatdaky kesel anyklaýyş merkezlerini lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen üpjün etmäge şertnamalary ýerine ýetirdi.
Ýylysuwdaky bölümi bilen Arçman gidroterapiýa merkezine, Onkologiýa merkezine, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş “Ene mähri” merkezine dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary getirildi. Welaýat merkezlerindäki, şäherçelerdäki we obalardaky döwrebap hassahanalary, gaýragoýulmasyz tiz kömek hassahanalaryny, şypahanalary we beýleki bejeriş edaralaryny enjamlaşdyrmakda uly işler amal edildi. Balkan welaýatynyň Serdar we Hazar şäherleriniň, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent şäherçesiniň Saglyk öýleri, Mary welaýatynyň Oguz han, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Lebap welaýatynyň Döwletli etraplarynyň hassahanalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Germaniýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda enjamlaşdyrylan lukmançylyk edaralarynyň sanawy şular bilen gutarmaýar.
Soňky ýyllarda Aşgabatda iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ilata ýokary hilli bejeriş we kesel anyklaýyş hyzmatlarynyň giň görnüşini ýerine ýetirýän iň döwrebap lukmançylyk merkezleriniň birnäçesi işe girizildi. Paýtagtyň demirgazygynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýokanç keselleri merkezleri Müdirliginiň düzümine girýän hassahanalar toplumy hereket edýär, “Gospitaliýa Internasional GmbX” kompaniýasy olar üçin lukmançylyk, laboratoriýa we tehniki enjamlaryny getirdi we oturtdy. Ilatyň saglygyny berkitmekde sikestleri bejeriş Halkara merkeziniň we serhet goşunlarynyň köpugurly gospitalynyň ähmiýeti ulydyr.
Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde kelle we boýun keselleri Halkara merkezi, göz keselleri, stomatologiýa merkezleri guruldy. Golaýda ulanylmaga berlen newrologiýa Halkara merkezi insult, oňurga we kelle beýnisine sikest ýetmegi, huşsuzlyk, ysmaz we beýleki nerw keselleri neijesinde nerw bozulmalaryny dikeltmekde möhüm ähmiýetli robotlaşdyrylan Lokomat toplumy, şeýle hem ýörelende birbada aýaklaryň funksional ýagdaýynyna oňyn täsir edýän trenažer, garaguş keselini barlamak üçin enjam we beýleki döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilendir.
Häzirki wagtda “Gospitaliýa Internasional GmbX” kompaniýasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine işjeň goşant goşmagyny dowam etdirýär.