Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosipedli ýörüş gurnady, oňa diplomatik wekilhananyň işgärleri we Daşkendiň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Sport çäresinden öň 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara sport çäreleri, hususan-da, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen tanyşdyrylyş boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu ýaryşlaryň maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekdir, dünýä belli sport döwleti hökmünde ýurduň abraýyny artdyrmakdyr.
Welosiped sportunyň muşdaklarynyň ençemesi Daşkendiň Botanika bagynyň golaýynda, özbek paýtagtynyň seýilgäh zolagynda geçirilen çärä goşuldylar.