Daşoguzda şäheri tapgyrlaýyn abadanlaşdyrmagyň çäklerinde ýaşaýyş jaý toplumlary durmuş-medeni desgalary bilen üpjün edilýär. Meselem, Nowruz etrapçasynda ýolýaka zolaklary abadanlaşdyrmak boýunça işler geçirildi. Ýaşaýyş jaý müdirliginiň ýörüteleşdirilen karhanalarynyň tagallasy bilen gara ýollaryň gyrasynda, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gabadynda täze beton ýodalar, bezegli gazonlar, gülli meýdançalar guruldy, yşyk sütünleri dikildi. Ozal bu ýerde sport we çagalar meýdançalary gurlupdy.
Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki we obalaryndaky ýaly demirgazyk sebitiň administratiw merkezinde hem şäher gurluşygyna we onuň infrastrukturasyny ösdürmäge, şol sanda bag-seýilgäh toplumlaryny döretmäge uly üns berilýär. Bu ýerde bag ekmek çäreleri geçirilýär, şäheriň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan özboluşly landşaft dizaýny döredilýär.
Daşoguzyň merkezi böleginde Şawat kanalynyň kenarynda iri dynç alyş zolagy döredilýär. Bu ýerde betonlanan ýanýodalar gurulýar, owadan oturgyçlar goýulýar, gülli meýdançalar döredilýär, çüwdürimler gurlar. Şu ýyl abadanlaşdyryş işleri şäheriň beýleki ýerleriniň käbirlerinde geçirildi, geçen ýyl Andalyp köçesindäki bag döwrebap keşbe girizildi.
Her ýyl gök zolaklary döretmek boýunça-da işler geçirilýär. Meselem, şu ýylky baharda şäheriň dürli künjeklerinde pürli we ýaprakly agaç nahallary oturdyldy, gazonlardyr ýollaryň arasyna landşaft toplumlary görk berdi, gülli meýdançalarda güllerden owadan şekiller döredildi.