Gruziýada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Foreign Business in Georgia» Halkara žurnalynyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýörüte sany çapdan çykdy.
Neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly-ösüşiň täze sepgitlerine” Halkara forumyndaky çykyşy bilen açylýar. Beýik Ýüpek ýoly beýik siwilizasiýalaryň iksiniň- Günbatar bilen Gündogaryň gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe boldy, şol yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelri esasynda jebisleşdirdi, özara düşünişmä we açyklyga ýardam etdi.
2018-nji ýylyň ýurtda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýändigini belläp, döwlet baştutany Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki ýüzýyllykdaky ähmiýetini içgin öwrenmäge, onuň dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň ösüşi, adamlaryň millionlarçasy üçin açýan ägirt uly mümkinçiliklerini seljermäge wagt gelendigini belledi.
Žurnalyň ýörüte sanyna Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýolunda; Türkmenistanyň deňiz porty-Ýewraziýanyň altyn köprüsi; Türkmenistanyň ulag düzüminiň durnukly ösüşi; TOHU: geljege ädim; Türkmenistanyň Suw diplomatiýasy: durnukly ösüş we suwdan rejeli peýdalanmak maksatlary babatda hyzmatdaşlyk; Türkmenistan--hukuk döwleti; Siwlizasiýalary birleşdiren gudrat; Beýik Ýüpek ýoly: siwilizasiýaara gatnaşyklaryň ösüşinde Türkmenistanyň ähmiýeti; Türkmenistanda sport jahanda parahatçylygy berkitmegiň möhüm faktory ýaly ýurduň ösüşiniň esasy ugurlary barada tematiki makalalar girizilipdir.
Žurnalyň ýörüte sany giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi, olarda Türkmenistan baradaky düşünjelerini artdyrmaga, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlary, ýurduň gazanan ägirt uly üstünlikleri, jemgyýetçilik ösüşiniň ähli ugurlaryndaky özgertmeler, türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik döredi.