Ï Ýomut tohum atlary ahal-teke bedewleriniň gadymy kowumdaşydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýomut tohum atlary ahal-teke bedewleriniň gadymy kowumdaşydyr

view-icon 8995
Türkmenistan belli atşynaslyk merkezi hökmünde tanalýar. Bu ýerde ýetişdirilen ahal-teke bedewleri gujurlylygy, ýyndamlygy we owadanlygy boýunça dünýä atlarynyň ençemesinden tapawutlanýar. Ýüwrük we inçebil ahal-tekek bedewlerinden başga-da halk seçgisi bilen ýene bir ajaýyp tohum aty- ýomut atlary ýetişdirilipdir. Olar asly massaget, nusaý we dawan atlaryndan gaýdýan gadymy mümülýän argamaklaryň özbaşdak ösen ugrydyr.

Geçen asyrda SSSR-de arassa ganly iňlis we don atlary bilen birlikde ahal-teke we ýomut bedewlei münülýän atlaryň sypatlaryny gowulandyrýan tohumlar diýlip ykrar edilipdi. 1945-nji ýylda dürli tohum atlaryny synap görmek üçin Moskwanyň aýlawynda bäş günläp 500 kilometrlik ýaryş geçirilipdi, onda 1937-nji ýylda doglan Tarlan atly ahal-teke bedewi ýeňiş gazanypdy.Ýomut tohumly aýgyrlar-- 1941-nji ýylda doglan dor at Parahat pellehana ikinji, 1940-njy ýylda doglan gyr at Garaguş üçünji bolup gelipdiler. Bu hem olaryň ajaýyp tohum atlardygyna şaýatlyk edýär. “Atşynaslyk boýunça maglumatnamada” ýomut atlary şeýle häsiýetlendirilýär: “ Münülýän goşulýan at görnüşli bedewiň bu gadymy tohumy häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda halk seçgisi bilen ýetişdirilipdir. Olar ahal-teke atlaryndan biraz kiçiräk we dykyzrak, kellesi kiçiräk, maňlaýy giň, gerşi uzyn bolmadyk, sagrysy gysga, toýnaklary uly bolmadyk atlardyr”.

Ahal-teke atlarynyňky ýaly ýomut bedewleri hem arassa ganly, özem belli üç görnüşde köpeldilýär. Olaryň birinjisi ahal-teke bedewlerine golaý, ikinjisi gatyşyk tohumly iňlis atyna çalymdaş. Demirgazyk sebitde köp duşýan dykyz, kelte görnüşli we boýy pesräk atlar gazak bedewleri bilen çakyşmagyndan dörändir. Olaryň ilki iki görnüşi has gowy görülýär. Olary ýetişdirmegiň geljegi ulydyr. Olary atly syýahatçylykda-da, köpçülikleýin sportda-da, höwesjeň at münüşlerinde-de ulanmagyň ajaýyp mümkinçiligi bar.

Häzirki wagtda ýomut atlary belli ahal-teke bedewleri bilen deňeşdireniňde kän bir tanalyp durulmaýar. Şeýle bolsa-da, olar Türkmenistanda, esasanam Daşoguz welaýatynda we Etrek jülgesinde ýetişdirilýär. Bu bedewler ýüwrüklikde ahal-teke bedelwerinden peslemeýär, üýtgeşik çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Harby terjimeçi we etnograf Şahymerdan Ibragimowyň (1841-1891 ýý) öz gören zatlary baradaky we syýahatçylaryň gürrüňleri esasynda ýazan ýazgylary saklanyp galypdyr. Ol, hususan-da: “türkmenler gadym döwürlerden bäri ussat atşynaslar bolupdyrlar, olaryň ýomut atlary has berdaşlydyr”—diýip belläp geçipdir.