Seminaryň dowamynda 2040-njy ýyla çenli ulanylyşy doly bes edilmeli gidrohlorftoruglerodlary dolanşykdan aýyrmaga gönükdirilen ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyndan we ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary ýurdumyzyň ýerine ýetirişi beýan edildi.
Seminaryň çäklerinde gidrohlorftoruglerodlara alternatiwalara garaldy. Şeýle hem sowadyjy dürli enjamlara hyzmat etmegiň, bilimleri we maglumatlary alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hladagentler ulanylanda howpsuzlyk çäreleri we daşky gurşawy goramak boýunça maslahatlar berildi.
Türkmenistan Monreal teswirnamasy boýunça halkara borçlaryny amal edýär. Wena konwensiýasy kabul edilenden soň düzgünleşdiriji düzgünnamalaryň ählisi Türkmenistanyň “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Kanunyna goşuldy. Soňky döwürde ýurtda ozony dargadyjy maddalaryň 99 göterimi dolanşykdan aýryldy, şu güne çenli ozony dargadyjy ýeke-täk madda bolan R22 freonynyň çäklendirilen ulanylyşy hem düzgünleşdirilýär.
Ozon gatlagyny dargadyjy gidrohlorftoruglerodlaryň ulanylyşdan aýrylmagy howpsuz alternatiwalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrdy, sowadyjy enjamlaryň energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi.