Ï Paýtagtyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çägi giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çägi giňeýär

view-icon 1555
Parahat-7 -- iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde arasyna kerpiç örülen, seýsmiki sarsgynlara durnukly 36 we 54 öýli bütewi demir-beton, köp gatly jaýlaryň ýene 23-si gurlar.

Ýakyn wagtda gurluşygyna başlanyljak belli bir nusgaly dokuz gat binalaryň gurluşygyna Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabatgurluşyk”, “Arkaçgurluşyk”, “Ruhabatgurluşyk” önümçilik birleşikleri, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny dolulygyna gurup ulanmaga tabşyrmak boýunça bäsleşikde ýeňen “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy gatnaşarlar.

Taslamada jaýlaryň töweregindäki ýerlerde çagalar oýunlary üçin we sport meýdançalary, gezelenç zolaklary, maşgala dabaralaryny geçirmek we sadaka bermek üçin jaýlar, tebigy meýdan bezeg elementleri bolar. Alty Garlyýew köçesiniň ugrunda seýilgäh-gezelenç zolagy dörediler, çüwdürimlerdir tebigy meýdan bezegleri, çülli aýmançalar, ýaprakly daragtlar we bezemen gyrymsy ösümlikler onuň görküne görk goşar.

Paýtagty gurmagyň baş meýilnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäher häkimliginiň potratçy guramalary Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumyndan başga-da, hususy firmalar bilen bilelikde şäheriň günbatar böleginde, Magtymguly şaýolunda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň, şeýle hem Çoganlyda – kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygyny alyp barýarlar.